Pegas
“Kalbymy howaýy otlamadym men...”
Baslygyp-baslygyp, galňady gussam,
Ýadamadym senli ýatlamadan men.
Men päkize söýgä bagrymy dildim,
Kalbymy howaýy otlamadym men.
Süýt reňkli gijede ysytmaly deý
Garaşardym köňlüm berip galpylda.
Sen ahyr gelerdiň ýalbyrap, ýanyp,
Asmandan bir ýyldyz inen deý ylla.
Saçlaryň uju...
“Göwnüň diýip göwnüm ýykylmadymy?..”
“Näzik hesretiňe dözülmedimi?” Ýyldyrym çakdyryp göreçlerimde, Gaýgy-gamdan ýüki ýetdi günleriň Sen menden kä zady gaty görmegin, Duşmak bagtymyzda ýok eken biziň, Aýralykda çekdim nala baryny, Saňa ot salan aglasyn, Bir zad-a ýürege salýar howsala, Peýdasyz oýlardan gaçyp bilemok, Juda giç duşuşdyk... «...Men bilýän, bu hat saňa gowuşmaz. Şonuň üçinem sen muny hiç haçan okamarsyň ― diýen ýaly umytsyz sözler bilen başlanýan ekeni. ― «Olar ýaly bolsa ýazmak nämä gerek boldy» diýip soramagyň mümkin. Dogry, ýazmanam bilerdim, ýöne uzak ýola ugramazdan öňürti içimi egisäýeýin, ýükümi ýeňledäýeýin diýdim. Alžirli ýigidiň düşen ýagdaýy çyndanam oňaýsyz. “Güljegiňem bileňok, gynanjagyňam” diýilýän bu ýigit toýdan öň öz öýlenjek gyzyny ýekeje gezek hem makiýažsyz görmändir we söýgülisini diňe şol “owadan” keşbi üçin söýüp gezipdir. Netijede, ýigit şol söýgülisi bilen toý tutýar we toýdan soň öz gelnini tanamaýar. Sen meniň guwanjymdyň. Ýeketäk sen bardyň arzuwly yşk dünýämde. Indi bolsa senem ýok... Doglan günüm, doglan günüm, Barymdan bazar eýledim, Seň sözleriň aram berdi kalbyma, 27 ýaşap çilim çekmedim, Peýdasyz oýlardan gaçyp bilemok, Gurrasy ters düşýän tersa ykbalym Aýsyz gije Aý dogupdy garşymda, Ýagşyň akymyna sozulýar yşyk, (merhum dostuma...) Salam – tükeniksiz progressiýa, Harplar agladyp gördümi seni? Käteler ýeke özüň uzaga gitmek islediňmi? Näçe gezek arkaňdan ok atyp gördüler? Guşuň ganadynyň pasyrdaýşy ýaly, ýüregiň tebsireýärkä ganadyňy gyryp gördülermi? Ýa-da ruhuňy gabap gördülermi? Şatlanyp gördüňmi ýönekeý zada? Ýüregiňe ynanyp, beýniň azaşyp gördümi? Iň gowy häsiýetleriň sebäpli zyýan çekip gördüňmi? Nätan...
Italmaz Akmyradow
Menden mundan zyýat näme isleýäň,
Ýoluňa yzlarym çekilmedimi?
Düşünemok, göwnüňde ne besleýäň,
Göwnüň diýip göwnüm ýykylmadymy?
Dag mertebäm köp peseldip öňüňde,
Gula dönüp, dyz epemde deňiňde,
Ýazyň güni buzdan beter doňaňda
Haýyşym...
Aladaly gabat gelýäň ýygydan
Hemem gursagymy otlap goýberýäň.
(Bagtyň bolsun, geçmişimi ýylydan!)
Käte hal-ýagdaýyň sorasym gelýär,
Artyk zadam islämok-la men indi.
Sebäp, birçak boýun aldym söýginiň
Seň eýeli ýüregiňde sönenni.
Ýöne meň gursagym...
ÝALŇYZLYKDA, ÝOKLUGYŇDA, ÝOLUŇDA...
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,
Ýoluňda.
Solup gitdi saňa netlän güllerim
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,
Ýoluňda.
Indi ýazlar bark uranok öňki deý,
Dünýä dymdy, dünýä diňe seňki deý,
Agdy gitdi durmuşymyň eňki-leý
Ýalňyzlykda,
Ýoklugyňda,...
YNAN!..
Sen menden kän zady gaty görmegin.
Asla ýokdur giperbola, toslama.
Saňa ýaramaýan teleke işi
Eder öýdüp oslama
we şulary bil:
Ýetmezňe urnaň bolmasam,
Bagtyňa gurban bolmasam,
Toýuňda porhan bolmasam,
Bolasym gelmeýändir öýtme!
Sa...
Sekizleme
Başga bir näzenin ýar boldy maňa.
Belki, sen, ezizim, ýeke-ýalňyzsyň,
Goşa görünmäge utanýan saňa.
Ýyllar mende goýdy ýakymsyz yzyn,
Gözlerim üýtgemän galypdyr diňe.
Belki, sen henizem owadan gyzsyň,
Goja görünmäge utanýan saňa...
Italm...
“Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda...”
Paş edip biljek däl ile baryny.
Gaýta-gaýta synlap lälezaryny,
Gün yzyna garap-garap ýaşanda,
Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda.
Güýz gelende otly tomsy boýun edip,
Miwelerden bal akdyrar gaýnadyp.
Hoşwagt şemal bildiginden oýun edip,
Bulutlary saçyň ýaly g...
AGLAMA, ÝÜREK, AGLAMA!
Aglama, ýürek, aglama!
Aglasa, galam aglasyn,
Aglama, ýürek, aglama!
Halys irdim puşmandan-a,
Rehim bolmaz duşmandan-a,
Köp arzuwlar paşmanda nä?!
Aglama, ýürek, aglama!
Tutdy meni berke dagym,
Bir sen ahyr arkadagym,
Aglanyňdan, darka ýaryl...
Garaz...
Bilemok oň näme sözleýänini.
Ýa bir uly zadyn ýitirdi göwün,
Ýa-da tapdy ömür gözleýänini...
Yşkdan daman damjalar
Öçüp bilemok men, ot bolup, dünýäm!
Men häzirem seni açyp bilemok,
Ýaşap ýörün gury “at” bolup, dünýäm!
Göwnüm — ýykyk-ýumruk, kalbym — ýekirlen,
Aklym — azaşylan, huşum — ýitirlen.
Gözleriňi ýum-da, hany, pikirlen:
Başararmyň mensiz şat bolup, dünýäm?
...
Duşuşyk
Barybir, duşduk.
Didelerim ogşap aldy ýüzüňi.
Tolgunmakdan sandyraýan barmagňa,
Ah, aslynda men dakjakdym ýüzügi.
Ýöne ýene şükür, solmandyr meňziň,
Gözleriňde görünenok gussa-gam.
(Hak söýginiň kanuny bar şeýleräk:
Biz söýgüde utulsagam, utsagam,
Oňa diňe b...
“Ömrüzaýa...”
Allaham, il-günem şaýatdyr, men garaşdy...
Söýgüde utulyp, kazyýetde utan alžirli ýigit
Çykgynsyz ýagdaýa düşen ýigit nä...
“Sen meniň guwanjymdyň...”
Günleriň şo-o-ol zybrym geçip durşy. Ýel ugruna bir eýläk, bir beýläk yranyp duran baglaryň şahalary, tutuksy asman, çola köçeler, agraslaşan howa... Dünýä şeýle bir içgysgynç. Göýä jahanda menden başga adam galmadyk ýaly, juda ýalňyz duýýan özümi. Bu ýal...
Doglan günüm...
Elmisakdan kowlan günüm.
Ak gundagda ýatan günüm,
Agyr borja batan günüm.
Wagty sagat çekdi gitdi,
Batareýler çökdi gitdi.
Ynha, indem Adam ataň
Ýaşyndakam uly hatam,
Ötülmejek günäm bar deý,
Barýar jiger eräp gar deý.
<...
Ahwal.
Käte kemsindim ýoguma.
Bir gün duýgularmy bogup,
Ýanasym geldi ýoguna.
Göwnüme hile gurdurdym,
Urdurdym ýodany, ýoly.
Ähli kişä gyýa bakdym,
Ählisi kastymda ýaly.
Jan berjekdim jan berene,
Janyn berjek tapylmady.
Görmesem diýdim dünýäni,
“Sen — barlykda gazanan baş ýeňişim...”
Derdini dep etdi dertli göwüniň.
Dünýäm älemlerde ganat ýaýyp ýör,
Meňzeş dünýä tapynanna öwünip.
(Meniň şygra aşyk, poeziýa aşyk
Köňlüm täze yşka rowan göründi...)
Men kalbymda başlatdym bu “söweşi”,
A seniň kalbyňda “dowam” göründi.
Gözlerime...
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...”
Bu meniň ömrümde uly utuşym.
Ony maksat-myradyna ýetmedik
hem-de öwrenýärmiş “bagry tutaşan”.
“Çek” diýip ýumrugyn çenänem boldy,
Gowşa:n bolsam, şonda çekerdim belkem.
Çekmäge ýeterlik sebäbem boldy:
Terk edibem gördük, edildik terkem.
Dile düşdüm, gür...
“Söýgini “B”-den däl, başlapdyk “A”-dan...”
Öçüp bilemok men, ot bolup, dünýäm!
Men häzirem seni açyp bilemok,
Ýaşap ýörün gury “at” bolup, dünýäm!
Göwnüm — ýykyk-ýumruk, kalbym — ýekirlen,
Aklym — azaşylan, huşum — ýitirlen.
Gözleriňi ýum-da, hany, pikirlen:
Başararmyň mensiz şat bolup, dünýäm?
...
“Bagtyň deňlemesin çözüp bilmedim...”
Bagtly pursatlara soranda idin,
Gysymymdan ak bagtymy sypdyrdym.
Ýa söýdümmi seni ýazgytdan bidin?!
Hakykat hyýal däl ýa-da arzuw däl,
Oňatlyga ýorulsa-da düýşlerim,
Beden, ruhum aýrylyp bir-birinden,
Terse çekdi hakdyr öýden işlerim.
Bagtyň de...
“Aýsyz gije Aý dogupdy garşymda...”
Aý dolupdy keşbin alyp perimiň.
Gujagymda dem alypdy ses-üýnsiz,
Gujagymda ýerleşipdi Zeminim.
Şonda men bagtlydym — kämil bagtdadym,
Duýgularym däliräpdi Jeýhun deý.
Gujagymda gobsunanda gara göz
Serim sermest bolup, göýä meý hum deý,
Meýe dönen hyjuwla...
ÝAGYŞLY GIJE
Köçelerden gaýralygna suw akýar.
Gözüme bolmasa, reňkler garyşyp,
Çyralaň ýagtysy garaňka ýokýar.
Gijäň ýaňagyndan syrygýar sürme,
Akýar dünýäň guramadyk guaşy.
Bedenim ruhuma öými ýa türme,
Penjiräň daşynda kimiň gözýaşy?!
Aşgabat — öl-myžžyk,
“Şu sapar duşuşygymyzy arzuwlarymyzda geçireli...”
Şu sapar duşuşygymyzy arzuwlarymyzda geçireli, arzuw eden ýerimizde çaý içeli, biri-birimize içimizi dökeli. Hakykat bilen bu arzuwlarymyzy köýdürmäli. Diňe ikimiz bolup bilmejek zatlar hakda sözleşeli. Hiç kimiň gaýgysy bilen däl-de, diňe öz gaýgylarymyzy gürleşeli. Men başgalar üçin hasrat çekip ýadadym, örän ýa...
AŞYK BOLAN ÝIGIDIŇ MATEMATIK GYZA HATY
Eý, gara gözli ýar, niçik ahwalyň?
Tarypyňy hata salyp ýollaýan,
Eý, dünýäm, älemim, açyk asmanym!
Gözleriň giden bir tükeniksizlik,
Seniň ol gözleriň misli bir umman.
Bir bakyşyň müň ýigidi jadylar,
Onsoň men neneňsi durmaýyn dymman?!
Gözüňde sy...
INE, GÖRERSIŇ...