Ykballara ýanaly biz,
Derdi gizläp geçirere
ömür çäkli.
Şonuň üçin,
Otur, dostum, içeli-le.

Gel, meý bilen ýuwudaly
Kalba agram berýän gamy.
Dünýäň irmän ýepbekleýşin,
Ýekirişin seni, meni
Unudaly biraz salym.
Serhoşlar deý göçeli-le.
Goý, ýazylsyn damarlarmyz,
Birazajyk içeli-le.

Ogurladan düýnlermiziň
Ahmyryny ýetireli.
Iň bolmanda, öz-özümiz
Göwnümizi götereli.

Ýazmakdanam irdik indi,
Setirlere "gep gatnadyp".
Gussa çekip ertir-agşam,
Dyrnak ýaly nep tapmadyk.

Bagrygirýan duýgularyň
Kirişlerin gowşadaly.
Şonuň üçin, otur, dostum,
Gursaklary gowzadaly.


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir