Salam, @Nirvana! Durmuşa näme berseň, ol saňa has gymmatly zat berermiş. Eneň-ataň durmuşa näme berenini-hä bilemok, ýöne durmuş olara seniň ýaly akyllyja gyzy beripdir))
Bu gün — seniň doglan günüň. Saňa uzak ömür, arzuwly sepgitleri, ak bagt, rysgal arzuw edýän! Gaýgy-gam, alada saňa ýyldyzlaryň uzaklygy ýaly uzak bolsun! Bagt, şadyýanlyk, üstünlik kölegäň ýaly ýakyn bolsun! Durmuşda hemişe üstünlikli ädimler bilen ýöre! Arzuwlaryň hakykat, bagtly günleriň soňsuz bolsun! Ýüzüňde mydama ýylgyryş bolsun, çünki ýylgyrmak hemme adama şeýle bir owadan gelişýär. Her günüň geçen günüňden owadan bolsun! Gözleriň asla hiç wagt gamlanmasyn! Ertiriň bu günüňden şadyýan, bu günüň düýnüňden has manyly geçsin...
Käbir adamlaryň barlyklaram bizi bagtly edýär. Aýdýan sözleri, daşky görnüşi bilen däl, diňe olaryň ýaşaýanlygy, barlygy...
Ýanyňda däldiris, ýöne, bil, bu günüňi tüýs ýürekden gutlaýan, gutlajak ynsanlar kändir bärde))
Ýene bir gezek doglan günüň gutly bolsun! Bagtly ýaşa! Okuwyňy sag-aman, abraý bilen tamamlap, ezizleriňe gowuşmagyňy arzuw edýän!

Täzelikler, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir