Eden ýalňşlarma düşünýän indi,
Haýyş edýän, bagyşla meni?!...
Jiger örtenmekden ot alyp ýandy,
Haýyş edýän, bagyşla meni?!...
Sende beýle ýürek ýok ahyr,
Eizim, bilýan, söýgim päk ahyr,
Gaýtalanar öýdüp etme howatyr,
Haýyş edýän, bagyşla meni?!...
Sen bolmasaň, durmuşda-da gyzyk ýok
Bes, gynama, geçilmejek ýazyk ýok,
Geljegimde sensiz ýagty ýazgyt ýok,
Haýyş edýän, bagyşla meni?!...
"Bir ýazykdan ar ölmeýär", bilsene,
Hany öňkiň ýaly näzli gülsene":))))"
Gitme dolan! Ykbalyma gelsene,
Haýyş edýän, bagyşla meni?!...
Meger, gaty öýkelediň söýýänden,
Diňlemediň, gitdiň bu gün dünýämden,
In soňky haýyşym: Bir gün ötsem dünýäden,
Rahat ýatar ýaly bagyşla meni?!...
Guljemal Ahmedowa.
))))
-
yashalym
3 years ago
- Öz adyňa balagyň bamy Hudayuran kemçin! Iki soz yazyp ozune şahyr diyen bolup garry heley mujerret oten
-
yashalym
3 years ago
- Oňat adam bolsaň bu yaşa çen öylenerdiň garamaňlay Hudayuran! Hudaysaklasyn sypatyň yoga seň gatan gurbalga yaly yenede adama gownuň yetenok
-
Pegas
3 years ago
- @yashalym, aýal ýaljak sögýäň-laý. Haýsy gyz sen?
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- Heh, basyldym Pegas howa dogry gosgyny yazan men dal bagysla su gun kop yalnysdym we birem sul gosgy boldy suwagtlykca gecin gunami izvini indi gaytalanmaz!
Pegas 3 years ago- Aşakda şuny @Men_ve_Sen agza mowzuk edipdir.
Güljemal Ahmedowa diýilýän zenanyň kimdigini-hä bilemok welin, şu goşgujygy mundan 10-11 ýyl öň şu saýtda @Friendship nikdekäm men ýazypdym.
Gyz bolanlygy üçin "dünýäm" sözüni hem goşgyň redifinden (her bentde gaýtalanýan setirden) aýrypdyr))) Başga-da käbir ýerleri üýtgedilipdir)) Asylky nusgasy şeýle bolmalydy:
Eden ýalňyşlarma düşünýän indi,
Haýyş edýän, dünýäm, bagyşla meni!
Jiger örtenmekden ot alyp ýandy,
Haýyş edýän, dünýäm, bagyşla meni!
Sende beýle zalym ýürek ýok ahyr,
Mähribanym, bilýäň, söýgim päk ahyr,
Gaýtalanar öýdüp etme howatyr,
Haýyş edýän, dünýäm, bagyşla meni!
Sen bolmasaň, durmuşda-da gyzyk ýok,
Bes, gynama, geçilmejek ýazyk ýok.
Geljegimde sensiz ýagty ýazgyt ýok,
Haýyş edýän, dünýäm, bagyşla meni!
"Bir ýazykdan är ölmeýär", bilsene,
Hany, öňkiň ýaly näzli gülsene!))))
Gitme, dolan! Ykbalyma gelsene,
Haýyş edýän, dünýäm, bagyşla meni!
Meger, gaty öýkelediň söýýänden,
Diňlemediň, gitdiň bu gün dünýämden,
Iň soňky haýyşym: ötsem dünýäden,
Rahat ýatar ýaly, bagyşla meni!