Pegas
“Ömrümden yzda galdym...”
Ömrümden yzda galdym,
Gitdi ýyllar öňürdip.
Bir topar sorag galdy —
Jogaplary gümürtik.
Diýdim ýördüm özüme:
“Entek ýaşdyr, çagadyr...”
Şeýdip näçe ýyllary
Boş geçirdim, bigadyr.
Alysdady menzilim,
Ýetmäge ýetişmedim.
Bir gara göz goýnunda,
Bilýän, köpräk d...
“Meni söýgim üçin bagyşla, Taňrym!..”
Meni söýgim üçin bagyşla, Taňrym!
Giňiş guragymy daraldyp, talap,
Umytlarmy ýenjip çalajan eýlän
Bir zybagözeli galaýdym halap…
Kyýamata galmasyn, goý, bu kasas,
Hasaplaş, söýgimden başgasyn al-da!
Törden orun aldym (begenmelimi?..)
Ýanan aşyklaryň maşgalasynda.
…Emen süýdüm çi...
Ak goşgy
Göwnüm!
Eziz göwnüm!
Mähriban göwnüm!
Mähre zar göwnüm!
Köşeş!
Sowur gamyňy!
Aladasyz dünýä bardyr öýdemok.
Özüň dünýä ahyryn!
Iň bolmanda, dünýä ýaly giňdiň-ä!
Ygtybarly ýerdiň özgeler üçin,
Altyndyň,
Kümüşdiň,
Ýersiz-ýere ýakylan,
Öz ugrunda dökülen
...
TOÝDA
Şeýle bir gyzypdy toýuň şowhuny:
Iýhä-iý!
Içhä-iç!
Tans.
Aýdym-sazlar.
Göçgünli ýigitleň nazarlaryndan
Ýaňaklary nar deý gyzaran gyzlar.
Şu gyzlaň içinde bir gyz otyrdy,
Ne gürrüňe, ne şowhuna garyşyp.
Gözünde birgeňsi kine bar ýaly
(Ana, gaşlary-da gitdi bürüşip).
...
Öz-özüme ultimatum
Bilýäňmi, men hemme zatdan beter nämä gynandym?
Indi saňa aýtjak sözlerimiň gury boljagy, indi seniň göwnüňi awlap biljek sözlerimiň ýokdugy — gutarandygy gynandyrdy meni...
Şol pursat meniň aýtýanlarym dogram bolsa, seniň muňa beýle garamazlygyň öz pikirlerime bolan şübhe döretdi. Çünki seni öz çyn we dogry sözlerim bilenem ynandyryp...
@kwazimodaLAR
Bu @kwazimoda nikden girýänleriň akylly-başlylaram, dolbaýoblaram bar öýdýän. Eger özüňize mowzukda jogap berdirmek isleseňiz, öz kimdigiňizi açyk-açyk aýdyp sorag beriň. Лично özüm jogap bereýin size.
Hemem porsan bolup ýazmagyňyz sizi "bet, çyraçy" görkezýändir öýdýäňizmi?
°°°
Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň!
Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.
Ýazjak bolýa...
BELKEM...
Dostum, agşam ýataňda nepesiňi düzüw tut,
Päkizele ruhuňy, bes et etsem-petsemiň.
Bulut basan beýniňi gohly dünýe deý unut
Hem kalbyňdan çykaryp taşla ähli hesretiň.
Belkem, agşam eneň pakyr girer seniň düýşüňe,
Belkem, agşam ataň pakyr seniň düýşüňe girer.
Gije ertä barýan ýoldur, galdyr derdiň düý...
ÇOLUGYŇ SÖÝGÜSI
Bir ýylmy, ýarymmy,
Ýolbarsy bile
Bakdy ol kolhozyň süri malyny.
Dilinde «ýarym»-dy,
sygmazdy çöle
Hem çolukdy, hem ol mejnun dälidi.
Ýogsa sebäp ýokdy beýdip ýörmäge,
Diňe bir gyz çöle gitjek halaty
Ogryn garap, ýylgyrypdy çalaja...
Bir gün baş çopandan alyp rugsady,
Oba...
Ajal gelse...
Dünýä gelip az çekmedim hasraty,
Agladym,
eňredim,
güldüm,
oýnadym.
Kä doglan günüme okap lagnaty,
Kä şol güni dostlar bilen toýladym.
Durmuş geçdi ýowuz sapagyn maňa,
Başymdan inderip müň bir oýnuny.
Göz ýetirdim: adam ölmeýär
diňe
Başga kişä goýup gidýär ornuny.<...
Gijeki söhbet... /oýlanma/
Bu hekaýa däl. Ýöne setirler toplumy hem däl. Munuň nämedigini saňa düşündirjek bolamok.
Bu gije — meniň hyýalymda dogan, arzuwlarymda ýörjen-ýörjen bolan gije. Bu gün daş-töwerek şol gijä garaşýan ýaly. Hatda, otagymam şeklini üýtgetdi. Olam meniň arzuwlaryma görä, arzyly myhman geljek ýaly taýýarlandy, dünýäsini täzeledi.
Gijäni her...
😉😉😉
Näme üçin men ýokkam gyrlyşýaňyz? Meni hezillikden goýýaňyz. Indikide beýtmäň, bormy?! Men bar wagtym gyrlyşsaňyz, höwÄs bilen goşularyn)))
“Ýyldyzlar gijäniň sazyny çalýar....”
AKTÝOR
Ýyldyzlar gijäniň sazyny çalýar.
Kerlik höküm sürýär.
Eşidenok hiç kim.
Ol saz ýüregiňi howsala salýar,
Eden hataň üçin ahmyra giç deý.
Görýänleriň düýş deý, säher oýansaň,
Ýada salyp bilmejek deý hamala
Hemem tala daňylypdyr tamaňam.
Kim saňa düşünsin?
Ýylgyranyň...
▪▪▪
“...Ýöne ynamlaňam synýany üçin
Käte ynamlardan goranmak gerek...”
G.Ezizow
“Ol “häki bir söýgi” eken...”
Dünýäň şowhuny azaldy, Biz nähili dostduk?! Eý, merhemetlileriň Merhemetlisi! Halymy Saňa beýan edýän, duýgularymy diňe Sen bilýäň. Ýene bir gezek ak ýürekden Seniň gapyňa geldik. Medet ber, eý, ähli halymy bilen Rebbim! Senden uzak bu günlerde hiç kimiň kömegi ýetmedi, ahy-nalamyzy eşidip söýgi bilen el uzadanam bolmady, diňe aýralyk bilen agladyk we hasrat bilen ýandyk. Eýýuba(a.s.) durmuş... Öwüs, ýel! Aslynda adam "Gitme!" diýip biljek derejede güýçli bolsa gowy. Sebäbi hiç kimem unudyp biljek derejede güýçli däl... Ukym gelýär, ýöne uklasym gelenok. Bir uklasam, soň oýanmajak ýaly duýgy bar içimde... Adamlara, Ykballara ýanaly biz, Adamyň ýüregi aýdan zatlary üçin däl-de, aýdyp bilmedik zatlary üçin ejir çekýär... Saňa ot salan aglasyn, Göwnedegilmeler, kemsidilmeler, azabyň reýgan bolmagy sebäpli, gör, näçe adamlar ýogalyp gitdi. Ýöne entek muny duýanoklar. Ajaly ýetendir öýdýärler. Ýok, beýle däl...
Ol “häki bir söýgi” eken.
Hasylyna gussa bitip,
Orar ýörer söýgi eken.
Hawa, söýgi şeýle eken,
Al-asmana göterýär-de,
Birdenem zyňyp goýberip,
Goýmaz eken bäri-bärde.
Söýgi gündiz-gije ýaly,
Güni köpe gitmez eken.
Soň garaňky gije gelip,
Biz nähili dostduk?!
Neneň ýoldaşdyk?!
Kalba ýerleşmezdi ýürek joşumyz,
Alnymyzda bardy owadan dünýä
Hem-de entek ýaşalmadyk ýaşymyz.
Çüýşäni däl,
üleşerdik gussany,
Ony biz bölekläp çekerdik merdem.
Şatlygmyzam bölüşerdik,
ýöne ol
Biziň herimize ýeterdi birden.
GÜNÄDEN DOLY ÝÜREKDEN ÇYKAN SÖZLER..
“Al o ýana...”
Gel, göwün derde
dilinmeýän ýere äkit!
Gam nämedir, gaýgy nedir,
Bilinmeýän ýere äkit!
Goýma…
Göter meni alyp,
Göge galyp, galyp, galyp...
Soň yzyňa ýüzüň salyp
gelinmeýän ýere äkit!
Besdir…
Bihuda çisňedim,
Ýagyp-ýagyplar diňsedim...
■●■
●■●
○○○○○
Aýdymlara ynanyp,
Ýüregmi aýamda göterip gezdim.
Ýagşylyga maýsa bolup yranyp,
Ýamanlyga welin gaýa deý dözdüm.
Gara çynym bilen uýdum päklige,
Sadalyga uýdum.
Güp gitdim gepe...
Ýaşadym gol bermän ýeketäklige,
«Ýaşasyn gözellik!..
Gitdikmi, şepe?..»
DOSTUMA
Derdi gizläp geçirere
ömür çäkli.
Şonuň üçin,
Otur, dostum, içeli-le.
Gel, meý bilen ýuwudaly
Kalba agram berýän gamy.
Dünýäň irmän ýepbekleýşin,
Ýekirişin seni, meni
Unudaly biraz salym.
Serhoşlar deý göçeli-le.
Goý, ýazylsyn damarlarmyz,
°°°°°°
AGLAMA, ÝÜREK, AGLAMA!
Aglama, ýürek, aglama!
Aglasa, galam aglasyn,
Aglama, ýürek, aglama!
Halys irdim puşmandan-a,
Rehim bolmaz duşmandan-a,
Köp arzuwlar paşmanda nä?!
Aglama, ýürek, aglama!
Tutdy meni berke dagym,
Bir sen ahyr arkadagym,
Aglanyňdan, darka ýaryl...
•••