Dünýäde hiç zat öz-özünden ýa-da tötänleýin bolmaýar. Bir suratkeş çekmese, reňkler öz-özünden ylgaşyp gelip ýa şemala gaýyp, birden çyzylyp portret bolaýanok.
Haçanda Seljukly döwletinde Nyzam al Mülk mekdepdir medreseleri guran wagty, bilimiň ösen wagty, ylymly adamlar bolan wagty ýurt hem ösdi. Osmanly döwletinde-de bilime üns berlen wagty ýurt ösdi. Haçanda bilimsizlik kök urup başlanda garyplyk başlady, agzalalyk başlady we ýurt dargady.
Biziň çykalgamyz bilimdir! Bizi halas etjek Ylymdyr! Ynanyň, başga çykalgamyz ýok! Bizi ösdüren Ylymdyr! Arzyly etjegem Ylymdyr! XVIII asyrda biz goňşymyz bilen suw üstünde urşup ýörkäk iller 1755-nji ýylda “Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetini” gurdular. Biz ol wagtlar ownuk dawa-jenjeliň, ýürekbulanç tireparazlygyň filosofiýasyny gurýan wagtymyz iller uniwersitet gurýardy. Biz birek-birege bahylçylyk etmekde bäsleşýän wagtymyz iller dünýäniň iň gowy 3 uniwersitetiniň biri bolan “Stanford” uniwersitetini gurdular. “Stanford” uniwersitetiniň uçurymlary tarapyndan dünýä belli onlarça marka çykaryldy. Ýene-de şol uçurymlar tarapyndan ýylda jemi 2,7 trillion dollar gazanylýan firmalar guruldy. Diňe şunuň bir ortatap ýurduň girdeýjisinden 270 esse köp. “Stanford” uniwersitetinden uçurym bolan 30-dan gowrak milliarder çykdy. 17 sany astronawt, 60 sany Nobel baýragyna dalaşgärem ýene şol uniwersitetiň uçurymlaryndan çykdy. Bu diňe bir uniwersitet. Bar işem bilim berdiler, bolany... Bilimiň gymmaty...Adam faktory... Şol uniwersitetiň aşagynda nebitem ýokdy, altynam gömülip goýulmandy.
Oýanyň indi! Çagalaryňyza goýjak iň uly mirasyňyz jaýam däl, altyn-kümüşem däl. Diňe bilim beriň! Iň uly goýjak mirasyňyz diňe şol. Gözüňizi açyň! Biziň halkymyzda zehinem bar, ukybam. Diňe şol ýatan beýnini oýarmak gerek. Belki, siz “Stanford”-yň uçurymlaryndanam has ýokary derejelere ýetersiňiz. Gamyny iýen her talyp Stanforda-da okap biler, Oxfordda-da. Esasy zat başlamak gerek. Jelaleddin Rumy aýtmyşlaýyn: “Eger ýöremäne başlasaňyz, ýol görüner!”. Özüňize haýpyňyz gelsin! Wagtyňyzy öldürmäň! Özüňize erk ediň! Sakyrtga ýaly ýapyşyň bilime! Täze dünýä öwrenişiň! Täze tehnologiýalary öwreniň! Iller uçdy. Biz duran ýerimizde güýmenip galmalyň! Ýeteliň yzlaryndan! Geliň, ykbalymyzy näbellilige goýmalyň!
Bärde biz oba-şäher meselesi, eje-baja ýetmek bilen meşgullanýan wagtlarymyz olar nanotehnologiýa, ylmy açyşlar... bilen meşgullanýarlar. Haçan düzeljek, keçetelpek???
“Özüňize haýpyňyz gelsin...”
-
Dowsypat00
3 years ago
- Dünýä indi düzelmeýär.
-
yashalym
3 years ago
- gutardy
-
Mister X
3 years ago
- Bilim hakda aydanlarña goshulyan yone taryhymyzy yazgarmagyñ kan dogry dal. Her dowruñ oz kemcilikleri bar dorjeleseñ. Biziñ suw ustunde urshanymyzy dal-de gowy taraplarmyzy yatlasak gowy bolmazmy.
-
Panturkist
3 years ago
- @Mister X, Dünýä medeniýeti, bilim we tehnologiýa üçin eden ýekeje goşandymyzy aýdyp biljekmi?
-
Pegas
3 years ago
- @Mister X, gowy taraplarymyzy ýatlasak, şol gowy bolan taraplarymyz bilen öwüner ýöreris biz. Taryhda o:t bolaňda näme, şu günüň uçgunjyk bolsa?! Taryhymyz bilen öwüne-öwüne, ösmegi unudaňkyrladyk biz.
-
yashalym
3 years ago
- Pegas12 minutes ago
@Mister X, gowy taraplarymyzy ýatlasak, şol gowy bolan taraplarymyz bilen öwüner ýöreris biz. Taryhda o:t bolaňda näme, şu günüň uçgunjyk bolsa?! Taryhymyz bilen öwüne-öwüne, ösmegi unudaňkyrladyk biz.
Shony ayt dostum!!!
@murat yousef
-
yashalym
3 years ago
- Panturkist20 minutes ago
@Mister X, Dünýä medeniýeti, bilim we tehnologiýa üçin eden ýekeje goşandymyzy aýdyp biljekmi?
Hakyky!!!
@ murat yousef
-
Zulfikarow
3 years ago
- Gowy ýerdede "OÝANYŇ" diýip ýazdyň Sapajan. Bu ýerde açylýan temalardan habaryň ýokmy? @Ýaşalym diýip bir dalbaýop öz ejesini teklip edýär, ýa-da @ Adalat19 ýer ýumurtga şekilde diýip däldiräp ýör.
LadaKalina. 3 years ago- Keçetelpek :))))