Nury Halmämmet...

Nury bir gün Pöwrizede dynç alỳarka, gijäniň bir wagty oỳanyp, ukusy tutman, ỳekesiräp başlaỳar. Göni şo taỳdan Aşgabada pyỳadalap gaỳdyberỳär.
Ŷolda bir köpek muny ep-esli ỳere çenli kowalap süllümbaỳ derledỳär. Garaňkyda büdräp-sürçüp, aỳaklaryny gara gan edỳär. Daň atyp-atmanka öỳüne gelỳär. Nurynyň aỳak üstünde zordan durşuny gören aỳaly...

Dowamy »

374 0
Edebiýat, Acelya tarapyndan 7 months ago

Adam diňe özüne ýamanlyk edip bilýär

Ýöne ýamanlyk diýen söz bar bolsa, alymlar, akyldarlar bu hakda
sözlän bolsa, ol niredekä, nähili zatka? Ýekeje zat welin düşnükli hem aýan – adam hiç wagt başga birine ýamanlyk edip bilenok. Hüýt-gara nebisden dömen bolaýsyn, seniň her bir ýaramaz pikiriň diňe ony hut öz ýöremeli ýoluna, barmaly menziline ugrukdyrýan ýolbelet bolup galaýýa...

Dowamy »

300 0
Edebiýat, Acelya tarapyndan 7 months ago

Bölekler...


Gowy görýän, juda basdaşlarymy,
Çete kakyp geçýän ýoldaşlarymy.
Gaýnatmañ köpigni aýyran ýaly
Aýyrsadym käbir häsiýetlerimi.

***

Möý owadan kerep gurdy bir ýerde,
Oýnatgylar baryp ildi şol derde.
Her gören zynatyñ haýyrly däldir
Ajy iññe derman bolar köp derde.
<...

Dowamy »

420 0
Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 7 months ago

Dürli pikirler

1. Bir danadan sorapdyrlar. " Näme üçin köp heleýli erkek gowy? A näme üçin köp erkekli heleý erbet görülýär? " Dana şeýle jogap beripdir: " —Hemme gulplary açýan açar gowydyr hemmä gerekdir. Emma hemme açarda açylýan gulp erbetdir,oñ ýaly gulp hiçkime gerek däl "-- diýipdir.
''‘'"""""""'"'“""""""
2. Lukman hekimden sorapdyrlar:
...

Dowamy »

712 3
Edebiýat, Barbary tarapyndan 7 months ago

Gözellik

GÖZELLIK


Şeýle tämiz güller bitýär ýazyna,
Şerap içen ýaly göçýär-de kelläň,
Özüňem aňşyrman, çöküp dyzyňa
Ysgaýaň ýolmaga milt edip bilmän.


Şeýle bir gyzlar bar, misli bir hyýal,
Baglara seýl eder şuglasyn saçyp,
Olara kilçerip lak atmaga däl,
Hatda galar...

Dowamy »

417 3
Edebiýat, GaRa_TmyN tarapyndan 7 months ago

Horezm adynyň gelip çykyşy barada rowaýat

Ýakut Hamawy «Kitap mugjam-ul-buldan» («ýurtlar sözlügi») diýen kitabynda Horezm barada şeýle maglumatlary beripdir: «Gadym zamanlarda ýaşap geçen patyşalarynyň biri ýurdunyň dört ýüz sany raýatyna gaharlanypdyr. Patyşa olary bu ýerden ýüz parsah uzaklykda bolan dirilik nyşany ýok ýere zyňmaklygy buýrupdyr. Nökerler şeýle ýeriň Käs şäheriniň ornund...

Dowamy »

359 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 7 months ago

Ürgenç adynyň gelip çykyşy barada rowaýat

Bir ýurduň patyşasynyň pälwanlykda, atarmanlykda, çaparmanlykda, görk-görmekde öňüne erkek göbeklerini geçirmeýän bir ogly bar eken. Onuň adyna Syýahat diýer ekenler. Günlerde bir gün, Syýahat ýigit ýetipdir. Ol dädesiniň köşgüne baryp: – Däde, adym Syýahat bolsa-da, gören-bilen ýurdum ýok. Ýigit çykdym. Rugsat berseň syýahata ugrajak – diýipdir. D...

Dowamy »

334 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 7 months ago

Dek başym, dynç gulagym

DEK BAŞYM, DYNÇ GULAGYM

(ýumoristik hekaýa)

Başlygymyzy deñli-derejeli edip pensiýa ugratdylar-da, birdenem maña "Seni şonuñ ornuna goýjak" diýdiler. "Goly gandally gulam düýşunde beglik küýseýärmiş" diýseler, öñ ynanmazdym. "Eý, möhür-melamatly ýeri men oñarman" diýen bolsa mam keremli gürrüñiñ heseri kelläme urup, ýü...

Dowamy »

392 1
Edebiýat, wagt tarapyndan 7 months ago

Maşyny şeýdip paýlamaly...

"MAŞYNY ŞEÝDIP PAÝLAMALY"


(ýumoristik hekaýa)

- Ýuwaş, ýoldaşlar, galmagal etmäñ! Gykylygyñyz maşyn nobaty elinden alnanyñky ýaly, ýaman batly çykýa-la? Peseldiñ sesiñizi, "tamda gulak bar" diýipdirler. Bular öz aralarynda paýlaşyp bilenoklar, onsoñ bizem tamakin it ýaly, şularyñ agzyna bakyp tamşanyp oturma...

Dowamy »

360 0
Edebiýat, wagt tarapyndan 7 months ago

Köçe dramasy

KÖÇE DRAMASY

(ýumoristik hekaýa)


Halys lütüm çykdy. Gözleýän adresim edil asmana uçan ýalydy. Bir-birine degşip oturan ekiztaýy ýaly meñzeş jaýlar gözüme çöp atdy.
Teý bolmady. Ahyry özüm dek agtarýan ýerini tapmaýanlaryñ ulanýanja "usulyna" ýüz urdum.
Iki jaýyñ aralygynda çagasynyñ elinden tutup...

Dowamy »

348 0
Edebiýat, wagt tarapyndan 7 months ago

On sekiz manat hakynda elegiýa

Her aýda bir gezek on sekiz manat,
Her aýda bir gezek gelýärdi yrman.
Her aýda on sekiz manat gelende,
Begenerdim. Enem aglardy, arman.

On sekiz manady kim berýär bize?
Kim unutman, otuz günden iberýär?
Ol niçiksi ýiti gözli perişde
Biziň şol pula-da zardygmyz görýär!?

Enem pah...

Dowamy »

384 3
Edebiýat, EdgarPo tarapyndan 7 months ago

"Dünýä edebiýaty" Line akkaundy.

Line akkauntlarda gowy ýazgylar çykardy "Dünýä edebiýaty" ýaly. Line işlemänsoň bar ýazgylaram içinde galdy. Şol ýere ýazgy ýazanlar şuň ýaly arhiw bolup galýan ýere ýazsalar gowy boljak. Goşgular, eserler, hekaýalar. Şol akkaunda birgiden halypalar we ýaş döredijilik işgärleri girýärdi.
Indi şunuň ýaly ýere gelip ýazgylaryny ýazsalar, bu ý...

Dowamy »

413 4
Edebiýat, EdgarPo tarapyndan 7 months ago

Bolmazmy

A gyz neçün daşa dönüp dymýarsyň ?
Belli karar belli jogap bolmazmy ?
Sözle janym,niçik oýa çümýärsiň ?
Habarlaşmak asylly däp bolmazmy ?

Goşa mertlik gerek yşka baş ursaň,
Göwnüm galar syryň menden ýaşyrsaň,
Beýdip näzlim nazaryňdan düşürseň,
Aşygyň örtenip kebap bolmazmy ?

Di...

Dowamy »

371 2
Edebiýat, Barbary tarapyndan 7 months ago

Hezreti Isa bilen iki kişi (satiriki hekaýa)

"SAG ÝAÑAGYÑA URANA ÇEP ÝAÑAGÑAM ÖWÜRMEK" / HEZRETI ISA BILEN IKI KIŞI

Günlerde bir gün Hezreti Isa, plastiki hirurgiýanyñ operatory we awtomobil ussasy dagylar bilen bir kazinoda oturypdyrlar. Hezreti Isa olara dini öwüt-ündewleri edýärdi. Özara gürleşip durkalar awtomobil ussasy, Isa pygambere:
- Eý beýik mugallym! Adaml...

Dowamy »

474 3
Edebiýat, wagt tarapyndan 7 months ago

Oýlandyryjy pikirler

1. Ýoluň egriliginden gorkma,päliň egriliginden gork.
÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷
2. Ol ýoluna näler seretjekdi,arman garny oňa basjak ýerini görkezmedi.
÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷÷
3. Wezipesi ulaldygyça,adamyň halkyna hyzmat etmek mümkinçiligi köpelýär. A käte nähili bolýar? Onuň wezipesi beýgeldigiçe ,halkyň oňa hyzmat etmek alada...

Dowamy »

384 1
Edebiýat, Barbary tarapyndan 7 months ago

Etmişe iteklemek (satiriki hekaýa)

"ELIÑIZI WYŽDANYÑYZA, ÖZÜÑIZI MENIÑ ÝERIME GOÝUŃ" / ETMIŞE ITEKLEMEK
(satiriki hekaýa)

Hormatly kazy jenaplary! Günäkärdigimi ýa-da däldigimi bilmegiñiz üçin wakany bolşy-bolşy ýaly dykgatyñyza ýetirmegim gerek. Men görgüli altmyş sekiz ýaşymda, çagaly-çugaly adam. Giýewlerim, gelinlerim, agtyklarym bar. Heý, bu ýaşdaky adam ý...

Dowamy »

385 0
Edebiýat, wagt tarapyndan 7 months ago

Süpük (satiriki hekaýa)

AHLAKDAN, YNSAPDAN, WYŽDANDAN, ALLA GORKUSYNDAN NAM-NYŞAN GALMANDYR!

(satiriki hekaýa)


Indi has gowy düşünip galdym, Zübük* bir adamdan ybarat däl, biziñ hemmämiz ýeri gelende barypýatan zübük ekenik. Egee biziñ hemmämiz zübük bolmasadyk, aramyzdan munça zübükler çykmazdy. Her birimizde bolan az-owlak zübüklikl...

Dowamy »

407 2
Edebiýat, wagt tarapyndan 7 months ago

Ýurtlaryñ birinde: MERHUMYÑ WESÝETI

ÝURTLARYÑ BIRINDE: MERHUMYÑ WESÝETI
(satiriki hekaýa)

Kasym ependiniñ birgeñsi ynançlary bardy. Hoşniýetli kalbynda haýwanlara bolan söýgüsine giñden orun beren Kasym ependiniñ öýünde süri-süri pişikdir, itler mekan tutupdy. Onuñ iñ halaýan zady kepderilere çörek owradyp bermekdi. Ömründe bir gezegem et iýmändi, howlusynda her...

Dowamy »

461 0
Edebiýat, wagt tarapyndan 7 months ago

Atamyrat Atabaýew

Atamyrat Atabaýew – şahyr, terjimeçi, türkmen halk ýazyjysy. Ýaşlar Baýragynyň eýesi. A. Atabaýew 1948-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Mary etrabynyň 1-nji Gökje obasynda mugallym maşgalasynda eneden bolýar. Ol ilki oba mekdebini, soňra Türkmen döwlet uniwersitetini üstünlikli okap gutarýar. A.Atabaýew «Türkmenistan» neşirýatynda, «Ýaşlyk» žurna lynda,...

Dowamy »

597 0
Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 7 months ago

9-njy bap: ŞALLY BAÝYŇ KIÇI OGLY, Kesearkaç romany, awtory Mämmet Seýidow

Mämmet Seýidow

9-njy bap: ŞALLY BAÝYŇ KIÇI OGLY

Şally baýyň iki ogly bir gyzy bardy. Uly ogluna Garamyrat, kiçi ogluna bolsa, biziň öňden belet, tanap ýörenimiz Garamergen diýýärler. Il arasynda Garamyrat bilen Garamergeniň meňzeşligi hakynda «Bir almany iki bölen ýaly» diýip, gürrüň edýärdiler. Bu deňeşdirmäniň şahyra...

Dowamy »

408 1
Edebiýat, sawyer tarapyndan 7 months ago