• Adamlar köpri gurmaly ýerlerinde diwar gurýandyklary üçin ýeke galýarlar.

• Alkyş etseň ýarysy özüňe siňer, gargyş etseň barysy. #nakyl

• “Ruhum ardy ýedi müň ýyl usurgap,
       Men halys ýadadym aýralyklardan...”
                                  Seýitmyrat Geldiýew

• Çekilýän zatlaryň içinde iň peýdalysy zähmetdir.

• Göwnedegilmeler, kemsidilmeler, azabyň reýgan bolmagy sebäpli, gör, näçe adamlar ýogalyp gitdi. Ýöne entek muny duýanoklar. Ajaly ýetendir öýdýärler. Ýok, beýle däl...

• Durmuş agyrlaşdygyça, gaçybatalgaň arzuwlar bolýar.

• Eger-de bäş sekuntlyk ýylgyryş düşürilen suraty asyl bolup biljek ýagdaýyndan has owadan edýän bolsa, onda elmydama ýylgyrmagy başaran ýagdaýyňyzda siziň durmuşyňyz, gör, nähili ajaýyp hem gözel bolardy...

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir