Selçeňläpdir, gyrawlapdyr saçlaryň,
Ýyllar maňlaýyňa salypdyr gasyn.
(Ulaldymmy, oňaldymmy — bilemok)
Kaka, juda eziz eşdilýär sesiň.

Çagalykda gazabyňdan gorkardym,
Indi maňa ýat bolupdyr o gorky.
Hany, ýene gazabyňa tutsana,
Öňküje ogluňa dönerin, belki.

Gözýetimi nazarlaýaň ýygydan,
Belki, geljegmize bakýar nazaryň.
Wyždan alawyny ýadyma salýar,
Kaka, hupbatly-la seniň huzuryň.

Ynamyňa jogap beresim gelýär,
Hut şu ýolda az däl gorky-hederim.
Kim aýdypdyr kämil ynsan ýok diýip,
Kämil ynsan sen ekeniň, pederim!

* * *

Kaka, surnukdyrdy agyr ýodalar,
Halys-Alla tapman ujun kelebiň.
Degre-daşym bulam-bujar pikirler,
Otda ýaly, ýol tapamok elenip.

Dünýe menden, men dünýeden nägile,
Kalbymda irimçik ünji käneldi.
Ardym ýowuz oýunyndan durmuşyň,
Ýa gam çekmek müdimilik kärimmi?

Kaka!
Durmuş mekdebimiň mugallymy!
Öwütlerňe hantama men ýene-de.
Ýene ündew beräý durmuş hakynda,
Sözleriňi ýüregime çene-de!

Sada adam bolmagymy ündeýäň,
Ýöne köp ýanýanam ýene sadalar.
Aýyplaşma zeýrenjimi, zarymy,
Kaka, juda surnukdyrdy ýodalar...


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir