Dekabr. Gos-goýy asmandan ýere
Aýaza bäs gelmän inýär akja gar.
Ap-ak zemin ümsümligne hiňlenip,
Gursagymda duýgularym ykjaýar.
Ak gar armanyma duz sepeleýär,
Serime getirýär ýatlamalary.
Bilýän, belki, küýseýänem dälsiň sen,
Isleýänem dälsiň ýatlanaryňy.
Men bolsa henizem senli oýlarda,
Henizem şo-ol seni ezizläp ýörşüm.
Bagyşla, bir pursat unudan bolsam,
Diýme düýşe girip: “Ejizläp ýörsüň...”
Ýok!
Men, bilseň, indi bireýýäm bäri
Senli ýatlamama hüşgär sakçy, ýar.
Gyş gelende, nämüçindir, gamlanýan...
Syrap, däli bolup ýagýan akja gar
Köşeşere maý berenok, eý, aman!
Duýgularym ýaryp barýar kalbymy.
Ýatlamalar yz-yzyna tirkeşip,
Beýnimiň, ýüregmiň bermän salmyny,
Gynaýar...
Dyzaýar hyjuwlam saňa,
Ýatlaman bilemok, bagyşla, dildar.
Ilkinji, paşmadyk söýgim barada
Däliräpler aýdym aýdýan akja gar
Ýagybersin!
Ýarybersin gursagy!
Men, barybir, doňup bilmen bu gyşda.
Bagyşla!..
2015ý.
Sapa HOMMADOW