Ýaşaýyşyň çeşmesi, durmuşyň manysy, päkligiň nyşany bolan söýgi adamzadyň bu dünýäde ýaşaýyşyna dowam etdirmegine sebäp bolýan jadyly duýgudyr. Duýgularyň naýbaşy bolan söýgi hakda ençeme görnükli şahyrdyr ýazyjylar öz garaýyşlaryny pikirlerini wasp edip aňyrsyna çykyp bilmändirler. Eýsem diňe şahyr ýazyjylar däl dünýädäki her bir adamyň söýgä garaýşy bolýar. Biri söýgä uly baha berýän bolsa onda başga biri söýgi diýilýän duýgunyň ýokdugyna ynanýar. Käbir adamlar bolsa söýgüniň nämedigine düşünmän ony başga duýgular bilen çalyşýarlar. Söýgä bolan ýalňyş garaýyş bolsa adamy dogry pikirlenmekden we dogry hereket etmekden mahrum edýär.
Durmuşdaky ähli ajaýyplyklaryň sada boluşy ýaly söýgi hem sada bolmalydyr. Adam hem söýmäge hem-de söýülmäge mätäçdir, ýöne saňa göwün bermedik adam üçin ylgamak seni söýýänlere hormatsyzlyk etdigiň bolar. Şu setirleri okap oturan okyjylaryň köpüsiniň aklyna ilki bilen ýaş ýigit bilen juwan gyzyň arasyndaky söýgi gelen bolmaly. Ýok beýle däl söýgi diňe şolaryň arasynda bolýamy näme eýsem?! Şol söýgä uçran adam öz ejesine, maşgalasyna dogduk mekanyna we ata Watanyna bolan söýgüsini ýadyndan çykarýamy näme? Eger-de şeýle bolsa onda onuň uçran zady söýgi dälde ýönekeý bir hyjuwdyr. Sebäbi adam söýüp bu dünýä akyl ýetirýär. Özüni söýýänlere we öz söýýänlerine garşy jogapkärçiligini duýýar. Dünýäde hiç bir adam seniň gözýaşlaryňa mynasyp däldir, eger-de mynasyp adam bar bolsa hem ol onuň ýekeje damjasynyň akmagyna sebäp bolmaz. Durmuşda häli-şindi söýýän gyzy başga birine durmuşa çykyp, ýa-da ýaryndan aýrylyp özüni heläklejek bolup ýören ýigitler hakda eşideniňde olaryň entäk söýgüniň düýp manysyna düşünmändigine göz ýetirýärsiň. Bu ýagdaýa „Gör nähili söýgi!“ diýýän geleňsizler hem az däl. Pikir edip görüň şol gyz ýa-da ýigit üçin özüňi heläklemek ýüreginde seň üçin söýgüleriň iň beýigini, iň pägini, ene söýgüsini besläp ýören kişä biwepalyk etdigiň bolmazmy?! „Men onsuz ýaşap bilemok!“ diýip özüňe zeper ýetirmek beýiklikden däl ejizlikden nyşandyr. Elbetde adam söýmeli, söýülmeli we söýgüniň beýikligine akyl ýetirmeli. Durmuşy söýmeli, enäni söýmeli, maşgala ojagyny söýmeli, päkligi söýmeli, söwer ýary söýmeli, hat-da söýmegiň özüni hem söýmeli. Ýöne söýende diňe ýüregiň bilen däl aklyň bilen hem söýmeli. Sebäbi akly bilen söýende adam söýýänleriniň, mähribanlarynyň öňündäki jogapkärçiligini duýýar. Söýgi hem ilki akylda başlap, soň ýürekde dowam edýär.

Çeşme: Soyguli.ru

Edebiýat, DREAMFOL tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir