Deñ-dush oglanlaryma (degishme!)

Owadan gyzlaryñ bir garaýshyna,
ýüpsüz dañylmaga golaý oglanlar!
Söýgiñ derdin satyn alyp bashyna,
perwanañ ykbalyn alan oglanlar!

Kalplarynda joshgun urýan ýashlykdyr,
wah, ol joshgun käte chenden ashyp dur,
owadan gyz görse, bary ashykdyr,
(bagyshlañ!) azajyk jalaý oglanlar!:-)

Dowamy »

1809 8
Köneler, 8 years ago


Gich indi

Bes indi,
ýalbarýan, janym, bes indi,
düshündim baryna,
nokat goý söze,
öñem bu hakykat - otly kesindi,
az tagma basmandy ýüreklermize.

Ýatlamadan hich bir göwün gönenmez,
senem öchen ody ölcherme beýdip.
Barybir, o günler dolanyp gelmez,
gelmez gechen günler yzyna gaýdyp.
...

Dowamy »

612 7
Köneler, 8 years ago


Türkmenistanyñ gaz baýlyklary barada täze sanlar yglan edildi

Britaniýanyň “Gaffney, Cline&Associates” kompaniýasy Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän Günorta Ýolöten-Osman gaz ýatagynyň dünýä derejesinde ikinji orunda durýanlygyny yglan etdi. Bu Türkmenistanyň gaz eksportyna we energiýa syýasatyna nähili täsir ýetirip biler?
Britaniýanyň “Gaffney, Cline&Associates” kompaniýasynyň çaklamalaryna g...

Dowamy »

648 4
Köneler, 8 years ago


Bag$y Mansur Sabuhy aradan çykdy

Duşenbe güni Türkmensährada giňden tanalýan ussat bagşy Mansur Sabuhy 45 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol eýran türkmenleriniň meşhur sazandasy we bagşysydy. Mansur Sabuhynyň iýmitden zäherlenme sebäpli aradan çykandygy habar berilýär. Aradan çykmazyndan biraz öň ol Türkmensährada çapdan çykýan “Ýaprak” žurnalyna interwýu beripdi. Şol beren interwýu...

Dowamy »

555 3
Köneler, 8 years ago


Watan

Watan - gyzgyn gursagymda namysym,
watan - ýüreginden öndüren enem.
Watan - babalaryñ bagyshlan bagty, -
mukama, mähire, söýgä eýlenen.

Gitsem - enem deýin elin serenim,
gelsem - enem deýin gujak gerenim -
eziz watan, sensiñ shirin janlary,
seniñ üchin shirin janyn bereniñ.

Ola...

Dowamy »

810 4
Köneler, 8 years ago


Ýatlarsyñ meni! (men shu goshgyñ üsti bilen öz söýen gyzyma ýüzlenmek isleýän!)

Bu gün aýra düshdi durmush ýolumyz,
belki, bagtly gün ýatlarsyñ meni!
Ýa uly boldumy tutan pälimiz,
belki, toý gününde ýatlarsyñ meni!

Aýralyk derdi bar meniñ bashymda,
ýatsam düýshümde sen, tursam hushumda,
sheýdip däli boldum juwan ýashymda,
belki, gaýgy-gamda ýatlarsyñ meni!

...

Dowamy »

1488 40
Köneler, 8 years ago


Utanjañ gyz

Ýene penjireden ýollara garap,
sahu-jemalyna berýär ol timar.
Gol degmedik gül göwsüniñ üstünde
tolkunjyrap ýatyr bir jübüt shamar.
Owadan gyz ýanýar bir derde uchrap -
wah, bir ýandan söýgi,
bir ýandan ejap.

Ne icheri sygýar, ne bir dashary,
garashmakdan gyz takaty püre-pür.
"h...

Dowamy »

662 6
Köneler, 8 years ago


Gyz ünjüsi

Meýdan düshelgesi. Tuduñ kölgesi,
ýigitler bir ýanda, gyzlar bir ýanda.
Zähmet bilen joshup murgap jülgesi,
ýürekde cheshme deý ýashlyk gaýnanda.

Orta chykyp oslanmadyk bir oglan,
chalmaga bashlady dilli tüýdügin.
(haýran galaýmaly, ol mundan owal,
hat-da diýip bilmeýärdi diýjegin).

Dowamy »

681 6
Köneler, 8 years ago


Özüñi käte bir undup bilsediñ...

Özüñi käte bir undup bilsediñ,
kimdigiñ düýbünden chykaryp ýatdan.
Güleñde kalbyñy chöwrüp gülsediñ,
gark bolsa gözleriñ owasy ýashdan.

Heserli nazara uchran juwan deý,
ähli zady undup togtasa kelläñ.
Bu dünýäde bagtly bolsañ bir pursat,
shohal bagtlydygyñ özüñem bilmän.

Biz nä...

Dowamy »

618 3
Köneler, 8 years ago


Ýatan ýerleri ýagty bolsun!

Ertir, ýagny 6-njy oktýabr güni bütin türkmen halky üchin milli matam güni! Ähli doganlarymyzyñ berjek sadakalary, aýat-töwürleri Allañ dergähinde kabul bolsun! Ashgabat ýer titremesinde shehit bolan ildeshlerimiziñ jaýlary jennet, imanlary hemra bolsun!

Dowamy »

792 15
Köneler, 8 years ago


Tähranda surat alan türkmen studenti 21 ýyl aldy

Eýran häkimiýetleri ýaşrynlykda
sud edilen türkmen raýatyny 26
aý bäri türmede saklaýarlar. Eýran
oppozisiýasynyňKaleme.com
internet saýtynyň ýazmagyna
görä, Türkmenistanyň raýaty
Çarymuhammet Myradow 21 ýyl
türme tussaglygyna höküm
edilipdir. Oňa ýüklenen esasy
günäleriň biri 2009-njy...

Dowamy »

949 13
Köneler, 8 years ago


Iñ gowy dostum düshüner umydy bilen ýazylan tema ýa-da talyplar saýtyndaky 200-nji temam!

Men bu temany achmak bilen öz öýkeleden dostumdan ötünch soramakchy. Shol bir wagtda-da, bu bolan ishlerde özüniñem biraz günäsiniñ bardygyny düshündiresim gelýär.
Ýadyña düshýärmi, biz nähili dostduk! Biri-birimizi realda görmesegem, öñden tanysh yaly gaty ysnyshypdyk. Men iñ bir ýönekeýje derdimi hem saña aýdyp, ýükümi ýeñletýärdim. Senem...

Dowamy »

1285 61
Köneler, 8 years ago


Posañy aýa!!!

Gijeler düýshleriñ süýjäp bashlasa,
gündizine ýüpsüz baglasa aýna,
buýsanchdan balkyldap sereden chagyñ
jemalyñ görünse aýna deý aýda,
uz basyp gideñde sarsman endamyñ,
näz bile ýörese topukdan ashak,
ýalyn ýaly labyrdasa köýnegiñ,
shamar galbañ döshden towussa ashak,
goshgudan bashga zat oka...

Dowamy »

697 10
Köneler, 8 years ago


Ýollar bizi dushurmazmy?! (aýdym)

Sen baharda dushduñ maña,
sen meñzeshdiñ ter bägüle.
Perwaz urdum señ dashyñda,
döndüm ashyk bir bilbile.

Arman bagt maña däl-de,
ýüz öwürdi özge ýere.
Aramyza ýollar düshdi,
alyp gitdi uzaklara.

Öwsüp barýan ýüwrük ýeller
saña arzym gowshurmazmy?
Bizi aýra salan...

Dowamy »

1203 34
Köneler, 8 years ago


Enäniñ sesi

Säher turup ele galam alamda,
sesiñ gelýär:"ölcherdiñmi, han ogul?.."
goshgymy tamamlap, hoshal bolamda,
sesiñ gelýär:"ölcherdiñmi, han ogul?.."

käte char ýanyma gaharly garap,
gelnimden, chagamdan gezsem yrsarap,
goh turuzsam, buz üstünden toz arap,
sesiñ gelýär:"ölcherdiñmi, han ogul?.."

Dowamy »

758 12
Köneler, 8 years ago


Ýalan! Ýalan! Ýalan!!!

Men durmush teoriýamy üýtgetdim, oglanlar! Bu dünýäde söýgem ýok, dostlugam!!! Hemmesi ýalan!!! Ýalan, ýalan, ýalan..!!!

Dowamy »

1069 29
Köneler, 8 years ago


Seni ýitiren günüm

Seni ýitiren günüm
nähili gündi?!.
Shol güne men düshünemok shindizem.
Bulut gelip,
günüñ öñün örtensoñ,
gijä chalym edip durdy gündüzem.
Wah, ýogsam gysh günem däldi-le ol gün,
ol gün adaty bir günüdi güýzüñ.
Ýöne, nämüchindir, eshitmeýärdim
hemisheki bagshy gushlañ owazyn.
Nird...

Dowamy »

888 12
Köneler, 8 years ago


Köñül pyýalasyn söýgüden doldur..!

Köñül pyýalasyn söýgüden doldur,
baryny bashyma chekeýin birden.
Soñsuz oý-pikirler sowrulsyn gitsin,
bu ynjyk ýürekden, bu ynjyk serden.

Gowyny gözlesin humarlan gözlem,
gözellik hakynda döresin aýdym.
Mylaýym ýylgyrysh, hoshamaý sözler
bezesin oñ her setirin, her beýdin.

Öýlä...

Dowamy »

524 2
Köneler, 8 years ago


Bagtyñ bolsun, enesh!!!

Salam, agzalar! Gowumy ýagdaýlar, okuwlar, ishler?
Shu gün men size bir shatlykly habar ýetirmekchi. Ine, ertir nesip bolsa, enesh uýamyzyñ, ýagny enesh91 agzamyzyñ bagt toýy bolýar. Hawa, enesh uýam, alnyñ-bagtyñ achyk bolsun! Täze bir durmusha gadam basýañ! Täze durmushda saña diñe showlulyklar ýar bolsun! Gelin boldum diyip, talyplar saýt...

Dowamy »

1718 55
Köneler, 8 years ago


Söýgi mätäch däldir kasama, anda...

"söýýän" diýme, "köýýän" diýme söýýänñe,
zyýany ýok basharmasañ yrmagy.
Söýgi mätäch däldir kasama, anda,
söýgi halamaýar ynandyrmagy.

Ondan gözleriñde ýyldyrym bolsun,
hakyt söýýäniñe gechmäge güwä.
Ol sende özüniñ derdini görsün
hem-de sende görsün derdine doga.

Söýgä derkar...

Dowamy »

1128 12
Köneler, 8 years ago


Köshesheýin men!

Ýürek gursagyma sygmady bu gün,
ýylgyryp garaý, gyz, köshesheýin men!
Götertmedi yshkyñ kysmaty bu gün,
halymy soraý, gyz, köshesheýin men!

Bulutlar bu dertden ýagyp ýeñleýär,
perwana alachsyz ýanyp ýeñleýär,
adam ogly syryn ýaýyp ýeñleýär,
bir pursat duraý gyz, köshesheýin men!

...

Dowamy »

763 11
Köneler, 8 years ago


Meni ýalñyz goýup gitdiñ sen, serwim..!

Meni ýalñyz goýup gitdiñ sen, serwim,
kime goýup gitdiñ? Gussamy? Gama?
Kalbyma josh urup sygmadyk söýgim,
gussa öwrülende chekdi:rmi maña?

Sen gitdiñ dabanyñ tagmasyn basyp,
ak gara däl, ak gar ýaly ykrarña.
Sen gitdiñ, gitdiñ sen aýak yzlaryñ
basa-basa meniñ sowan ykbalma.

Sy...

Dowamy »

528 2
Köneler, 8 years ago


Men goshgy ýazmaryn shu günden sheýläk...

Men goshgy ýazmaryn shu günden sheýläk,
eñräbem ýörmesin ýüregim zar-zar.
Bilmese bir gyzyñ bashyny aýlap,
ol goshgy, ol talant nämäme derkar?

Bu gün, hat-da, göwnüm gechdi özümden,
sachlaryny ütýän bu gara kelläñ.
Ýogsam, aýtjak sözüm ýat tutup gidip,
gaýdardymmy näme diýjegim bilmän?
...

Dowamy »

1017 14
Köneler, 8 years ago


Men goshgy ýazmaryn shu günden sheýläk...

Men goshgy ýazmaryn shu günden sheýläk,
eñräbem ýörmesin ýüregim zar-zar.
Bilmese bir gyzyñ bashyny aýlap,
ol goshgy, ol talant nämäme derkar?

Bu gün, hat-da, göwnüm gechdi özümden,
sachlaryny ütýän bu gara kelläñ.
Ýogsam, aýtjak sözüm ýat tutup gidip,
gaýdardymmy näme diýjegim bilmän?
...

Dowamy »

492 0
Köneler, 8 years ago


Ýok, ýatlama!

Ýok, ýatlama, ýakmasana bagry bir,
gechenleri ýatlap didäñ ýashlama!
Ökünch bilen, ötünch bilen barybir,
gaýdyp barabilmeris biz ýashlyga.

Gechmishiñ kölgesi gül deý keshbiñe
ýakal kimin düshüp artmasyn müýnüñ.
Rast, düýnüñ bagtyndan düshdüñmi jyda,
gamynam unutmak derkardyr düýnüñ.

Dowamy »

759 3
Köneler, 8 years ago