Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär!

Käte ýalňyzlykda otursam özüm,
Käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm,
Käte ukym gelip, ýumulsa gözüm,
Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Göreçlerde gujur bilen batlansam,
Üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam,
Arzuwlarym göge galyp şatlansam,
Ýa-da hasrat ýürek-bagry...

Dowamy »

1543 4
Köneler, 12 years ago


Hudaýdan her gijeki dilegim - düýshlerimde seni görmek!

Mähribanym, seni tapmak seni unutmakdan has ýeñil, señ ýüregiñdäki ol ajaýyp söýginiñ hiç öçmeýshi ýaly, meñ kalbymdan-da hijem öçmez. Her gije uky gelmän gözlere, señ arzuwyñda perýat etýän. Irkilmek kaýda, uklamak kaýda! Uklasam hem Hudaýdan dilegim - seni görmek düýshimde!!!
Beýle uly bagt bolarmy heý-de?! Bu ajap duýga garshy aýralygy go...

Dowamy »

1759 12
Köneler, 12 years ago


Hosh gal, Talyplar.com!

Adam öz ýekeje ömründe göwün maksatlaryna ýetmek isleýär. Biri baý bolsam diýýär, biri mashyn alsam diýýär, ýene biri okuwa girsem, bashga biri okuwy sag-amanja tamamlasam diýýär... Garaz, her kimiñ bir arzuw-hyýaly, maksady bar...
Sheýle maksatlar, ilde bolshy ýaly, mende-de bar(dy): sag-amanja okuwy tamamlap, enem-atamy begendirsem, döredi...

Dowamy »

2916 67
Köneler, 12 years ago


Ömür diýilýän zat üç sany galada geçýändir...

Ömür diýilýän zat üç sany galada geçýändir. Ol galalaryň biri ömürlik, galan ikisi wagt taýdan biri-biriniň yzyndan gelýändir.

Ömürlik gala diýýänim — seniň Watanyňdyr, doglanyňdan tä Allanyň beren soňky gününe çenli sen şonuň içindesiň.

Ikinji gala — seniň doglan, önüp-ösen öýüňdir. Bu galada sen ata-eneň mähri bilen...

Dowamy »

1379 6
Köneler, 12 years ago


Köneürgenç hakynda rowaýat

Çawy dünýä ýaýran gadymy köneürgençlileriň paýtagty Köneürgenç barada täsin bir rowaýat bar:

Gadym-gadym zamanda Ürgenç şasynyň ogly şazada Genç Hüýr atly perizada aşyk bolýar. Hüýrüň kakasy hem uly şa bolup, ol gyzy bilen körekenine kerwen-kerwen tylla bagş edýär. Onuň beren tyllasy şeýle köp bolup, şanyñ gaznasyna sygmaýar. Halkyn...

Dowamy »

3480 19
Köneler, 12 years ago


Eger, mende bolsady...

Eger, mende:

mirasymyzyñ dinimize, türkmençilige bolan söýgüsi;
adgjmptw-nyñ pikirlenish ukyby;
bravo-nyñ adamkärçiligi, kiçigöwünliligi, sadalygy;
adalatlynyñ guramaçylygy, durmusha düshünishi;
magnitiñ degishgenligi, dostluga bolan gatnashygy;
yegeniñ özbolushly shahandazlygy;
turkmenntugyñ...

Dowamy »

3419 154
Köneler, 12 years ago


Bagy$la, Maýam?!!! (bolan waka)

kalbymyň töründe orun alan şol gözeli ýatlamaýan günüm barmyka? Söýgi hakda söhbet edilse ýa-da goshgy diňlesem, söýüşýänleri görsem biygtyýar ýadyma şol gözel düşýär. ana, onsoñ ýatlamalar ýumagyny çözläberýän, çözläberýän... onuñ yzyna düşdügimçe-de ýüregim gysyp başlaýar.
Alla jan, näme üçin bir shäherde ýashaýanam bolsak, shol gözel ýold...

Dowamy »

5556 40
Köneler, 12 years ago


Ýene geler...

Söýgi! Sen neneň gudrat! Seniň näzikligiňden, seniň inçe syrly täsinligiňden ynsan göwnünde hasyl bolmajak ýa-da bolar diýip umyt döredýän arzuwlary oýarýaň. Bu dünýede söýüp ýa-da söýlüp ýaşamakdan başga lezzetli zat barmyka?! Megerem, ýok bolsa gerek! ALLA tarapyndan bu syryň gudraty nämedekä? Akar suwly derýa, goluň uzadañda ýetmejek asman ýa-da...

Dowamy »

1269 5
Köneler, 12 years ago


Ezizim, men seni söýýän!!!

Söýgini wasp edere söz ýok.
Men söýgiň nämedigini hiç
bilmeýän ekenim. Söýgi şeýle
belent duýgy eken. Onuň beýikligi
gijäň garaňkylygyny, gündiziň
ýagtylygyny, gahar-gazabyňy,
garaz, ähli zady ýatdan çykardýan
eken. Gülüm, seni söýdüm we
entegem hakyky durmuşa gelip
bilmedim. $ol hyýall...

Dowamy »

2869 17
Köneler, 12 years ago


Mähribanyma hat

Salam, eje jan!
Bu gün saña hat ýazaýyn diýip
galam-kagyza ýapyshdym. Esli
salym saña - MÄHRIBANYMA näme
ýazsamkam diýip oýlanyp
oturdym...
Eje jan! Seniñ maña bolan mähir-
muhabbetiñ meñ ömür
bossanymyñ güneshi. Seniñ meñ
bashujumda oturan gijeleriñ diñe
seniñ gijeleriñdi, ejem!...

Dowamy »

1488 5
Köneler, 12 years ago


Men seni henizem undup bilemmok...

men seni henizem undup bilemmok,
hamala, unutsam öläýjek ýaly.
saňa duýgularymy aýdyp bilemok,
aýtsam, ýürejigim duraýjak ýaly.

men seni entegem undup bilemmok,
göýä sen yzyňa dolanjak ýaly.
seni pikirimden aýryp bilemok,
senem meni çyndan söýäýjek ýaly.

seň bakyşyň göz öňümden...

Dowamy »

1676 11
Köneler, 12 years ago


Unutma meni!

ahyr bir gün ynsan unudýarmyşyn,
süýji ýatlamadyr ajy günleri.
bu gün etjek senden ýekeje haýyş:
her gijäň ýarynda unutma meni!

sebäp, men her gije şol sagatlarda,
seni ýatlap karar tapman oturýan.
arzuwlam aglaýar perişan halda,
gözüm gurap kör bolsam-da unutma!

şol pursat ýaň...

Dowamy »

1830 8
Köneler, 12 years ago


Ýag$yzadalaryñ bahary

Ýag$yzadalaryñ bahary.
okamagy maslahat berýän. Bu linkde ýag$yzadalaryñ bahary atly kitabyñ baplary ýerle$dirilen.
Sag boluñ!

Dowamy »

1506 3
Köneler, 12 years ago


Aýralyk azaby

aýralyk azabyn çekip, dostlarym,
gaýgyly men, bilýän onuñ sanjysyn.
söýgä ýüregimi ýakyp, dostlarym,
duýdum aýralygyñ gaýgy-ünjüsin.

ilki watan diýdim, soñra dost-ýarym,
eneñ-atañ ýoklugyny duýdum men.
Hiç Ýanymdan aýrylmajak ýalydy,
çyn ýürekden gülmegi-de goýdum men.

okuw diý...

Dowamy »

1438 4
Köneler, 12 years ago


Gökdepe söwe$inde gelin-gyzlarymyzyñ gahrymançylygy

Iňlis žurnalisti Marwiň Gökdepe
söweşini beýan edip: “Ruslaryň
bu söweşde çykdajylary
planlaşdyrylandan ýigrimi esse
kän bolupdyr. Olaryň Gökdepe
galasyny basyp almak üçin eden
çykdajylary tutuş Orta Aziýany
boýun egdirmäge sarp eden
çykdajylaryndan tas iki essä golaý
köp bolupdyr” diýi...

Dowamy »

2299 14
Köneler, 12 years ago


Jaýlary jennetden bolsun!

arzyly gara$syzlygymyzy goramak ugrunda ata-babalarymyzyñ döken ganlaryna taryh $aýatdyr. 1881-nji ýylda rus basybalyjylaryna gar$y gökdepede janlaryny gaýgyrman watany goran gerçeklerimizi ýatlamak bu günki gün biziñ borjumyzdyr.
geliñ, $ol merdanalary ýatlalyñ! olañ ruhuna bagy$lap aýat-töwir okalyñ!

gökdepe galasy! sen -ezi...

Dowamy »

3053 19
Köneler, 12 years ago


Sen hem men

sen meniň kalbymda, men seň kalbyňda,
diňe söýgi hakda gursakda aýdym.
her urgusy “söýgi” diýip ýaňlanýar,
mähirden doly ol şuglasy aýdyñ.

sen meniň dünýämde, men seň dünýäňde,
şaglap akýar möwjäp söýgi ummany.
sowulmaz bahary söýgi bagynyň,
nurly güni çoýýar ýalňyz dünýämi.

se...

Dowamy »

1327 9
Köneler, 12 years ago


Seni menden artyk söýýän barmyka?

Seni menden artyk söýýän barmyka?
megerem, ýokdur. Mümkin, men özümiñ söýgüme çendenasha baha berýändirin! Mümkin, señ ýanyñda bu söýgi gülkünçdir!
Mümkin, bu çaga oýunjagy ýalydyr seniñçe!
Hawa, dashyndan bashga biri bolup seretseñ, gülkünjirägem-dä! Ýöne señ bu "oýunda" (eger, bu, hakykatdanam, oýun ýaly bolsa!) bashga biri...

Dowamy »

2241 41
Köneler, 12 years ago


Söýgi gudraty

gudrat bolup bu dünýäme dolupsyñ,
açylypsyñ bahardaky gül deýin.
dünýäm giñäp, bolup bagtyñ mesgeni,
shugla salar ýarym aýkamar deýin.

shübhäm ýokdur bagtyñ meni tapanyna,
onuñ sahawaty seçýär nuruny.
gül bolup her tarap gülzara döner,
bashyn eger güller görse ýarymy.

neneñsi g...

Dowamy »

1383 2
Köneler, 12 years ago


Saña...

gujak-gujak bagt gowshuryp gujagma,
delje-delje goshgy baryn goshduran.
shahyrlaryñ derdi ýaly dert berip,
ýürejigmiñ bagjygyny açdyran!

bulutlara boýdash bagt berdiñ maña,
sen meniñ kalbymda bahar oýardyñ.
arzuwlarmy söýgi bilen tertipläp,
goshgy ýazmagyma bahana berdiñ.

seniñ...

Dowamy »

1279 10
Köneler, 12 years ago


Gije sagat 03:12.

Gije sagat 03:12. hemmeler ýatyr...
Gum-gukluk. Ses-üýn ýok. Diñe ýekeje zady eshitýän - ýüregimiñ gürsüldisi.
uky gelenok gözüme. Bu ýagdaý birinji gezek däl.

bulashdyrdym, hasabymy ýitirdim...

sag egnim ýadady... Çepime agdaryndym... Birsalymdan çepimem ýadady...
Dikeldim... Dash çykdym... Bira...

Dowamy »

1647 9
Köneler, 12 years ago


Ilkinji gar

Ýer nirde? Gök nirde? Bilip bolanok.
Baky ilkinji gar ýagýardy ýene.
Onuň ýerde dynnym ýaly kasty ýok,
Gyz ädimi bilen düşýärdi ýere.

Jaýlar, pyýadalar, awtobuslaram
Ilkinji gar üçin şadyýandylar.
Keýpihonlar näme, sussypeslerem
Bary şu gar bilen ýaşaýardylar.

Asman altyn açary...

Dowamy »

1809 21
Köneler, 12 years ago


Näme üçin??????

Näme üçinlerden doldy durmushum... Dash-töweregimi gaplap aldy ýüregedüshgünç soraglar... Etimden ötüp, süññüme ornady... Bizar boldum... Ýadadym...
näme üçin islän zadym boluberenok? Düshünýän, hemme islegiñ amala ashmagy mümkin däl..! Ýöne... Ýöne shu islegimi bir ýerde galdyrma-da, durmush?!! Haýysh senden..!
näme üçin maña hemish...

Dowamy »

2265 56
Köneler, 12 years ago


Türkmen ýa$larynyñ futbol topary GDA-nyñ ýary$yna gatna$ar

Türkmenistanyň ýaşlar
ýygyndysynyň futbol topary
Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň kubogyny almak
ugrundaky ýaryşa gatnaşarlar.
Bu bäsleşik 19-29-njy ýanwar
aralygynda Orsýetiň Sankt-
Peterburg şäherinde geçiriler we
onda 12 topar bäsleşer.
Atylan bije boýunça
Türkmenistanyň ýaş...

Dowamy »

1325 5
Köneler, 12 years ago


"U2" shu ýyl iñ köp girdeji gazanan saz topary boldy

2011-nji ýylda iň köp pul
gazanan saz topary Irlandiýanyň
“U2” rok topary boldy. “U2”
dünýä boýunça geçiren
konsertlerinden 232 million
dollar möçberinde pul
gazanypdyr.
Maglumata görä, şu ýyl boýunça
“U2” toparynyň konsertlerine 2,4
milliona golaý bilet satylypdyr.
Biletleriň or...

Dowamy »

1089 0
Köneler, 12 years ago