Men goshgy ýazmaryn shu günden sheýläk, eñräbem ýörmesin ýüregim zar-zar. Bilmese bir gyzyñ bashyny aýlap, ol goshgy, ol talant nämäme derkar? Bu gün, hat-da, göwnüm gechdi özümden, sachlaryny ütýän bu gara kelläñ. Ýogsam, aýtjak sözüm ýat tutup gidip, gaýdardymmy näme diýjegim bilmän? Bu gün, hat-da, söýgüdenem dilgir men, onuñ bar gudratyn, güýjün ret edip. Ýogsa meni ýakyp-ýandyran söýgi, heý, bilmezmi seni biraz eredip? Ýandyrdyñ sen meniñ niche shygrymy, ýandyrdyñ sen näche goshgy-gazalym?! Gör, ýene-de dilýär meniñ bagrymy, shoncha oda ýylamadyk nazaryñ. ...men goshgy ýazaryn shu günden sheýläk, maýyl bolup elwan gül deý keshbiñe. Ir-u-gich iñ gowy shygrymy saýlap tutashdyrlyk ederin señ yshgyña!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir