Ýürek gursagyma sygmady bu gün, ýylgyryp garaý, gyz, köshesheýin men! Götertmedi yshkyñ kysmaty bu gün, halymy soraý, gyz, köshesheýin men! Bulutlar bu dertden ýagyp ýeñleýär, perwana alachsyz ýanyp ýeñleýär, adam ogly syryn ýaýyp ýeñleýär, bir pursat duraý gyz, köshesheýin men! Hem dermanym, hem-de derdim diñe sen, örteme jigerim dile-dile sen! Söz bilen däl, ala gözler bile sen wada bir beräý gyz, köshesheýin men! Shar gara gözleriñ jady-la seniñ, chirkizdi ýüregmi oduna meniñ. Gözlerimi süzüp adyña seniñ "jan" goshup mähri gyz, köshesheýin men!
Köshesheýin men!
-
VETTEL
13 years ago
- tuweleme gowy gosgy eken, su sahyr barada kop estyan, gosgularam yakyn, kitaby yenesi barmyka? awtor aytsana hayys
-
Merw92
13 years ago
- Awtory kim!? ýa özüňiz ýazdyñyzmy???
-
Friendship
13 years ago
- Ýok, awtory nobatguly rejebow! Hawa, goshgular ýygyndysy bolmaly.
-
VETTEL
13 years ago
- kyn gormeseniz asgabatda in gowy kitaphana aytsanyz haysy?
-
Friendship
13 years ago
- Merkezi kitaphana bolaýmasa..!
-
Esma
13 years ago
- salam friendship! Sheyle goshgular ýygyndysyny yaltanman yetiryaninize uly minnetdar. Okap hezil edyan. Arman elmydama girip bilrmok, indi wagt tapyp kopurak girip duraryn. Sag bolun!
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Biriñiz köşeşdireweriñ frendşipi...
-
Friendship
13 years ago
- :-)
-
Atash120
13 years ago
- frendship sen edebiyaty gaty soyyane menzeyan)))))
-
Friendship
13 years ago
- Hawa, örrrän! :-):-)
VETTEL 13 years ago- gurs gurs gurs gurs)))))