Meýdan düshelgesi. Tuduñ kölgesi, ýigitler bir ýanda, gyzlar bir ýanda. Zähmet bilen joshup murgap jülgesi, ýürekde cheshme deý ýashlyk gaýnanda. Orta chykyp oslanmadyk bir oglan, chalmaga bashlady dilli tüýdügin. (haýran galaýmaly, ol mundan owal, hat-da diýip bilmeýärdi diýjegin). Saýradyp tüýdügin shirinden-shirin, sheýle bir süýjüdip, sojadyp chalýar. Bir pynhan gudratdan galkynan jiger, gör, nije ýüregi heýjana salýar. Ýigitlerem haýran, gyzlaram haýran, özem haýran galyp chalýar o sazy. Kim bilsin, sazmy ol, mukammy ýa-da ýüreginde gaýnan yshkyñ owazy?! Ol sheýle bir chalýar, onuñ chalshyny dil bilen-ä beýan etmez hich kimse. Tüýdük bolsa, berbat edip kalbyñy gepläp durdy örän düshnükli dilde. Ol saz chalýar. Hol bir chetde zyba gyz, otyr gabagyny galdyryp bilmän: "wah, aklyñ nirede, nirede kelläñ?!" uýalýar gyz, laplap ýanýar ýañaklar, ähli syry äshgär bolandyr öýdüp: "heý, söýginem sheýdip pash etmek bormy, heý, syryñam ýaýmak bolarmy sheýdip?!"

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir