Seni ýitiren günüm nähili gündi?!. Shol güne men düshünemok shindizem. Bulut gelip, günüñ öñün örtensoñ, gijä chalym edip durdy gündüzem. Wah, ýogsam gysh günem däldi-le ol gün, ol gün adaty bir günüdi güýzüñ. Ýöne, nämüchindir, eshitmeýärdim hemisheki bagshy gushlañ owazyn. Nirdedir bir ýerde irmän chalynýan dutaryñ owazam chykýardy güñlech. Adamlañ ýüzünde, ýylgyrsalar-da, ne-hä buýsanch bardy, ne-de bir gynanch. Uchup ýören arzuwlarym-ak gushlam gara bulduñ añyrsynda aýlanyp, gechip bilmän, perwaz urup ýördüler... A men bolsam durdum diñe oýlanyp. Bir görsem, kümüshmi-zerden ýasalan jadyly gaýygñy kürekläp sen hem gözýetime - deñze siñip barýardyñ, barýardyñ nokada öwrülip kem-kem. Ne yzyñdan garaýardym gaharly, ne cheksem diýýärdim tükenmez näziñ, alasarmyk bolup, walla, añk bolup durdum bir özüm. Seni ýitiren günüm nähili gündi?!. Shol güne men düshünemok shindizem.

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir