Ýok, ýatlama, ýakmasana bagry bir, gechenleri ýatlap didäñ ýashlama! Ökünch bilen, ötünch bilen barybir, gaýdyp barabilmeris biz ýashlyga. Gechmishiñ kölgesi gül deý keshbiñe ýakal kimin düshüp artmasyn müýnüñ. Rast, düýnüñ bagtyndan düshdüñmi jyda, gamynam unutmak derkardyr düýnüñ. Ähli zatda dolansa bor yzyña, hat-da dolansa bor köýdürlen yshga. Emma hich zat galan däldir ýylnara, ahmyrly, lezzetli gussadan bashga. Gaýdyp maña ysnyshjagam bolma sen, ýadyña-da salma meni düýbünden. Chykaryn men uwnup-chydap bilmeseñ entek gyz päkligin saklan düýshüñden. Diñe, kä tötänden ýolugan pilläñ, endam-janyñ jümshüldese, elense, özüñi ýitirip, nätjegiñ bilmän erk tapmasañ lagshap galan bedende- shol pursat özüñi serwim saý-da sen, kynam bolsa, gitgin arany ach-da! Bir dem bagtyýar bol, köýen söýgüden shondan uly bagta bolsa garashma!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir