Özüñi käte bir undup bilsediñ, kimdigiñ düýbünden chykaryp ýatdan. Güleñde kalbyñy chöwrüp gülsediñ, gark bolsa gözleriñ owasy ýashdan. Heserli nazara uchran juwan deý, ähli zady undup togtasa kelläñ. Bu dünýäde bagtly bolsañ bir pursat, shohal bagtlydygyñ özüñem bilmän. Biz nähili beýik bolýas, mukama meýmiräp özümiz undan pillämiz, ýöne ýürege erk berýärmi näme, halys "depämize chykan" kellämiz? Biz neneñ adyl hem arassa bolýas, beýniñ däl, ýüregiñ erkine berlip. Gözümizi süzüp chägäñ üstünde, güzerlerde ýatan chagymyz serlip. Ýok, paýhasdan nadyl däl men aslynda, akylyna sarpa goýýan ynsanyñ. Ýöne ol özüniñ derejesinden belende göterip bilmez ynsabyn. Ýürek bolsa seniñ bashky päkligiñ, günäsiz, etmishsiz neresse chaga. Ýürek - seniñ ýalñyz mümkinchiligiñ, iñ asyl chagyña gaýdyp barmaga.
Özüñi käte bir undup bilsediñ...
-
Jasmin91
13 years ago
- Salam Sapa gaty gowy go$gy yazypsyn.biz bilen payla$anyn ucin sag bol.
-
Friendship
12 years ago
- Minnetdar!
tihiy 13 years ago- Sapa dostjan tuweleme sen filologiya berlen oglan. sen haysy yazan goshkyny okasanam gin manyly. tuweleme galamyn yiti bolsun dost