Duşenbe güni Türkmensährada giňden tanalýan ussat bagşy Mansur Sabuhy 45 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol eýran türkmenleriniň meşhur sazandasy we bagşysydy. Mansur Sabuhynyň iýmitden zäherlenme sebäpli aradan çykandygy habar berilýär. Aradan çykmazyndan biraz öň ol Türkmensährada çapdan çykýan “Ýaprak” žurnalyna interwýu beripdi. Şol beren interwýusynda ol özüniň bagşyçylyk hünäri we bu hünäre gelşi bilen baglanyşykly gürrüň beripdi. 1964-nji ýylda doglan Mansur Sabuhynyň şol beren gürrüňine görä, ol 18 ýaşynda ussat bagşy Nazarly Mähjubynyň ýanynda dutar çalyp, bagşyçylyk hünärine girişipdir. Mansur Sabuhy Türkmensährada döredilen “Azady“ aýdym–saz ansamblynyň ýolbaşçylarynyň biridi. Ol 18 ýyllap Türkmensähranyň belli bagşylary, şol sanda Durdy Törrik, Abdulmennaf Ahangary, Arazmuhammed Şirmuhammedaly we Rahym Hywaly bilen bile il arasynda aýdym-saz bilen çykyş edip, il-günüň köp alkyşyny we söýgüsini gazanypdy. Şeýle-de ol Eýranda geçirilen dürli aýdym-saz festiwallarynda birnäçe gezek baýraga mynasyp bolupdy. Sabuhy Eýranda geçirilýän Fajir saz-sungat festiwalynda hem birnäçe gezek birinji orny eýeledi. Mansur Sabuhy ýewropalylary türkmen aýdym-saz sungaty bilen tanyşdyrmak üçin Fransiýada we Şwesýada-da çykyş edipdi. Şwesiýada medeni çäreler bilen meşgullanýan ildeşimiz Şapur Düýejiniň sözlerine görä, Mansur Sabuhy 2009-njy ýylyñ 23-nji maýynda Şwesiýanyñ Göteborg şäherinde beýik türkmen klassyk şahyry Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp geçirilen halkara konferensiýa hem gatnaşypdyr. Şapur Düýeji Mansur Sabuhyny ýatlap, “onuň ýaş we biwagt aradan çykmagy biziň üçin uly ýitgi” diýip, gynanç bildirdi. Mansur Sabuhy Türkmenistanda-da birnäçe gezek bolup, ol ýerdäki belli bagşy-sazandalar bilen hem duşuşypdy. Mansur Sabuhy Türkmensährada çap bolýan “Ýaprak” žurnalyna beren soňky interwýusynda Akmyrat Çaryýew hem-de Hangeldi Annamyradow maňa bagşyçylyk patasyny berdiler diýipdi. “Ýaprak” žurnalyndaky bu interwýusynda Mansur Sabuhy “bagşy öz ömrüni iline bagyşlaýar” diýip hem nygtapdy. Ol özüniň uzak bolmadyk ömrüni iline-de bagyşlapdy. Mansur Sabuhy 11-nji oktýabrda Eýranyň Türkmensähra regionynda Kümmet-Howuz şäherinde jaýlandy. Jaýy Jennetden, ýatan ýeri ýagty bolsun!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir