Watan - gyzgyn gursagymda namysym, watan - ýüreginden öndüren enem. Watan - babalaryñ bagyshlan bagty, - mukama, mähire, söýgä eýlenen. Gitsem - enem deýin elin serenim, gelsem - enem deýin gujak gerenim - eziz watan, sensiñ shirin janlary, seniñ üchin shirin janyn bereniñ. Olañ arzuwydyñ, aýdymydyñ sen, olar sen bolubam göwsüñde galdy. Aby-zemzem suwy bar bolsa sensiñ, senden haýsymyzyñ mährimiz gandy?! Seniñ Garagum däl, altyn humuñ bar, seniñ dagy-dashy ýarýan demiñ bar. Seniñ shan-shöhratyñ ýer ýüzüne däl, onuñ geljegne-de ýalkymyn salýar. Urshuñ, gowur-gabahatyñ üstünden, goja gyñyr tebigatyñ üstünden, ädim ur, Watan, döret, gur, watan, ýeñishlerden ýeñishlere ýör, Watan!

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir