Eýran häkimiýetleri ýaşrynlykda sud edilen türkmen raýatyny 26 aý bäri türmede saklaýarlar. Eýran oppozisiýasynyňKaleme.com internet saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň raýaty Çarymuhammet Myradow 21 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Oňa ýüklenen esasy günäleriň biri 2009-njy ýylyň prezident saýlawlaryndan soň Tähranda bolan protestleri surata düşürmek we wideo ýazgy etmek bilen bagly. Düýbi Parižde ýerleşýän Serhetsiz reportýorlar guramasy hem türkmen raýatynyň Tähranda hökümete garşy guralan protestleri surata düşüreni üçin tussag edilendigini tassyk edýär. Bu guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bir 26 aý bäri Ewin türmesinde oturan Myradow barada bir hepde gowrak mundan öň maglumat alandyklaryny we soň bu habary Eýrandaky başga çeşmeler arkaly barlandyklaryny gürrüň berdi. Ýohan Biriň öz çeşmelerine salgylanyp tassyklamagyna görä, Çarymuhammet Myradow 21 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, öz düşen ýagdaýy barada ýakyn garyndaşlary bilen hem habarlaşyp bilmän otyr. Kaleme.com Myradowyň sud diňlenişiginiň bikanun, ýaşrynlykda geçirilendigini habar berýär we eýran metbugatynyň daşary ýurtly tussaglar meselesinde esasy ünsüni içalyçylykda aýyplanan amerikan tussaglaryna gönükdirendigini belleýär. Mälim bolşy ýaly, yrak- eýran serhetinde tutulyp, 8 ýyl tussaglyga höküm edilen iki amerikan golaýda azat edilipdi. Eýranyň oppozisiýa saýtynyň ýazmagyna görä, Çarymuhammet Myradow awtobusda öz halaşýan gyzy bilen barýarka Tähranyň köçelerinde bolan protestleriň birine şaýat bolýar we, beýleki adamlaryň hem köpüsiniň edişi ýaly, protestçileriň birnäçe suratyny alýar we wideo düşürýär. Eýranyň Aňtaw ministrliginiň agentleri soň bu suratlary we wideoýazgylary Myradowy “içalyçylykda” hem režime garşy “propagandada” aýyplamak üçin bahana edinipdirler. Ol şu iki aýyplama esasynda 10 ýyl tussaglyga höküm edilipdir. Mundan başga, Myradowa “bir türkmen biznesmeni bilen hemşerilik” etdi diýibem 10 ýyl berlipdir. Ol şol diýilýän türkmen biznesmenine birnäçe gün terjimeçilik edipdir. Ahyrynda Myradowyň türme tussaglygy jemi 21 ýyla ýetirilipdir. Diplomatik tagallalar şowsuz Azatlyk Radiosynyň Eýranyň Daşary işler ministrligine telefon edip, Çarymuhammet Myradow barada Eýran metbugatynda çykan habar bilen bagly düşündiriş almak üçin synanyşygy netije bermedi. “Kaleme” saýtynyň ýazmagyna görä, Myradow Tährandaky Ewin türmesiniň 350-nji umumy böleginde saklanýar. Onuň sud diňlenişigini gaýtadan getirtjek bolup eden tagallalary, Tährandaky türkmen ilçisiniň aladalary hiç bir netije bermändir. Tährandaky türkmen ilçihanasy bu habar barada Azatlyk Radiosynyň diňleýjilerine düşündiriş bermekden saklandy. Türkmenistanda geçirilýän günä geçişliklerde, beýleki daşary ýurt raýatlary bilen bilelikde, eýranly tussaglaryň hem azatlyga çykarylýany habar berilýär. Emma Türkmenistanda Eýran ýaly daşary ýurtlarda tussag edilýän türkmen raýatlary barada statistika çap edilmeýär. Ýöne 2003-nji ýylyň sentýabrynda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň Eýranda tussaglykda saklanýan aýallar barada aýdan sözleri Eýranda türmä düşýän türkmenleriň az däldiginiň resmi tassyknamasy bolupdy. Ol şonda aýallaryň neşe söwdasy üçin tutulýandygyny aýdyp, şeýle diýipdi: “O taýda, iň erbet ýeri, köp aýallar bar. Näme getirýärler? Oňňun ana, 5 kilo tirýek, 600 gram geroin.” Emma Myradow Eýranda syýasy sebäpler esasynda tussag edilen ilkinji bilinýän türkmen raýaty bolup görünýär. 1976-njy ýylda doglan Çarymuhammet Myradow Tähran uniwersitetinde syýasat ylmy ugrundan ýokary bilim alypdyr. Ol Eýranda terjimeçi bolup işlemek bilen, Türkmenistanyň we Eýranyň bilim ministrlikleriniň beren stipendiýasy esasynda, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary kollejinde diplomatiýa we halkara guramalary ugrundan magistr derejesini almak üçin okaýan eken.
Tähranda surat alan türkmen studenti 21 ýyl aldy
-
byagulechka
13 years ago
- FRIEND.salam men dusunmedim ol adam totanleyin alypdyrmy surata? ve nyame edip ol protestlan suratlaryny
-
byagulechka
13 years ago
- FRIEND.salam men dusunmedim ol adam totanleyin alypdyrmy surata? ve nyame edip ol protestlan suratlaryny
-
byagulechka
13 years ago
- FRIEND.salam men dusunmedim ol adam totanleyin alypdyrmy surata? ve nyame edip ol protestlan suratlaryny
-
Friendship
13 years ago
- Salam, byagulechka! Aý, tötänleyin alan däldir-le! Mysal üchin, meñ özümem shol oglanyñ ýerinde bolan bolsam, dek gechip bilmezdim. :-):-)
-
byagulechka
13 years ago
- Hmmm dusnuklije :) ondada gynanaydym 21 yyl omrun yarysy bolayyada uytgeshik gunade etmandirda pahyr ay nyame bolsada Alla kuvvat bersin
-
klubnika
13 years ago
- bolmandyr 56 yasdan son cykmalymy yakynlary erbet bolandyr surat vidio un sunca yyl protestocylara naceka?
-
idealman92
13 years ago
- ozunden gorsun!shol wagt belkem gyza gorunjek hem bolandyr.habardar bolmaly-da!
-
Batyhan
13 years ago
- Müsürde $a bolandan öz ýurdunda geda bol diýip könelerimiz ýöne ýere aýdan däldirä aý $onnada sag aman ma$galasyna gowu$syn
-
Merw92
13 years ago
- Bolandyr! Ol ilki bilen śol ÿeriñ kanunyny gowja örenmeli ekenodä!! näme emeli a näme etmeli däldigi barada! Daśary ÿurtda okaÿan talyplara sapak bolsun śular ÿaly wakanyñ!!!:-)
-
Merw92
13 years ago
- Bolandyr! Ol ilki bilen śol ÿeriñ kanunyny gowja örenmeli ekenodä!! näme emeli a näme etmeli däldigi barada! Daśary ÿurtda okaÿan talyplara sapak bolsun śular ÿaly waka!
-
Demokrat01
13 years ago
- Eyranda bashga-da adalatsyzlyk bilen yerine yetirilyan hokumler nache diyseng bar. Bir syemka uchin 21 yyl agdyk bolyar. Ustesine hem ichalylyk yongkelipdir.
-
googleon
13 years ago
- salam doslar bu eyranda her name bolip bilar eyran ady bolani bilan kanun diyan zad bir nace yerde emel bolyada bir nace yerde bolmaya dine ol meredow dowa edmeli bolar.
wasmoi 13 years ago- Bäh bulaa bolmandyr, gynandym has dogrusy