Köñül pyýalasyn söýgüden doldur, baryny bashyma chekeýin birden. Soñsuz oý-pikirler sowrulsyn gitsin, bu ynjyk ýürekden, bu ynjyk serden. Gowyny gözlesin humarlan gözlem, gözellik hakynda döresin aýdym. Mylaýym ýylgyrysh, hoshamaý sözler bezesin oñ her setirin, her beýdin. Öýlänchi nuruny sepeläp gechsin hem sährañ ýüzüne cheksin gaýmasyn. Baglar elbukjasyn chözsün, chykarsyn señ elwan öýmäñe meñzesh öýmesin. Kem-kem menden ökje ogurlap galýan garagolja, emma gözel ýashlygym gelsin ölchemäge ýer bilen gögüñ ýakynlashyp barýan aradashlygyn. Hasam ýagtylansyn otagym meniñ, dost-ýarym üýshende, etmesin darlyk. Kysmat hakda azyrajyk gürlensin, bize kuwwat bersin bakylyk, barlyk. Sherap däl, señ näziñ bolsa bes maña, ähli dertlerimiñ dermany sholdur. Shu sözlem sözlügne galmasyn diýseñ, köñül pyýalasyn söýgüden doldur!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir