Ýene penjireden ýollara garap, sahu-jemalyna berýär ol timar. Gol degmedik gül göwsüniñ üstünde tolkunjyrap ýatyr bir jübüt shamar. Owadan gyz ýanýar bir derde uchrap - wah, bir ýandan söýgi, bir ýandan ejap. Ne icheri sygýar, ne bir dashary, garashmakdan gyz takaty püre-pür. "heý, bolmazmy seniñ ýoluñ düsheri, heý, gelmezmiñ, hich bolmanda, günde bir?" gyzy basmarlaýar yzaly güzäp, wah, bir ýandan söýgi, bir ýandan ejap. Aýdyma hiñlense ejesi duýjak, hiñlenmese gyzyñ aglasy gelýär. Nädip gyz halyña ilki söz diýjek? Uýalýar gyz, öz-özünden uýalýar hem barýar tutashýan heserden eräp, wah, bir ýandan söýgi, bir ýandan ejap. Dabannyñ astynda aýlanýar zemin, depesinde mawy asman aýlanýar. Owadan gyz ne-hä däliräp bilýär, ne ýolugan bu derdinden aýñalýar. Iýip gelýär gyzyñ ýüregin myjap, wah, bir ýandan söýgi, bir ýandan ejap.
Utanjañ gyz
-
Jasmin91
13 years ago
- Friend sag bol $u goshgyny gaty gowy göryan gözlap yördum.
-
Jasmin91
13 years ago
- Friend sag bol $u goshgyny gaty gowy göryan gözlap yördum.
-
Bilgi
13 years ago
- sag bol friendship! Bu shahyrada sozum yok, gyzlan ichki dunyasine aralashyp okdelik bilen wasp edyar. Galamy yiti bolsun!
-
sivee
13 years ago
- THE BEST
-
Friendship
12 years ago
- Minnetar, hemmäñe!
Jasmin91 13 years ago- Friend sag bol $u goshgyny gaty gowy göryan gözlap yördum.