Iňlis žurnalisti Marwiň Gökdepe söweşini beýan edip: “Ruslaryň bu söweşde çykdajylary planlaşdyrylandan ýigrimi esse kän bolupdyr. Olaryň Gökdepe galasyny basyp almak üçin eden çykdajylary tutuş Orta Aziýany boýun egdirmäge sarp eden çykdajylaryndan tas iki essä golaý köp bolupdyr” diýip ýazýar. Rus patyşasy Orta Aziýany basyp almagy öwrenmek üçin 1717-nji ýylda Pýotr Çerkaskiniň ekspedisiýasyny bu regiona iberipdi. Emma ruslar diňe 1881- nji ýylda, saýlama goşun sürüp Gökdepe galasyny syndyryp, Orta Aziýany basyp almak arzuwyna ýetipdiler. Rus generaly Lomakin 1879-njy ýylyň awgustynda Ahaly basyp almak üçin urşa başlaýar. Ruslar Diňlidepä çenli gelipdirler, emma Lomakin Diňlidepede ymykly gabawa düşýär. General ähli mümkinçiligini ulanyp, bir bölek esgeri bilen zordan gabawdan sypypdyr. Lomakiniň ilkinji ýörişi şowsuz tamamlanansoň, Trans Kaspiniň general-gubernatorlygyna Tergukasow (Tergukasýan Arzas Arutýunowiç) bellenýär, bu generalam türkmenleriň üstüne geçiren şowsuz ýörişinden soň, otstawka gitmäge mejbur bolýar. Onuň ýerine Petruşewiç bellenýär. Ol Krasnowodskiden Gökdepä çenli demir ýol çekmegi planlaşdyryp, gurluşyga başlaýar. Petruşewiçem derrew boşadylyp, ýerine Muraýew bellenipdir, bu generalam haýal-ýagallykda aýyplanyp, 1880-nji ýylyň maýynda Trans Kaspi general gubernatorlygyna örän tejribeli Skobelew bellenýär. Skobelew 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda 150 put däri bilen Gökdepe galasyny ýaryp, şol ýerden girip, galany eýelemegi başarýar. Gökdepe söweşinde gelin- gyzlarymyzam mertlerçe söweşipdirler. Gökdepe söweşine gatnaşan general- adýutant N. I. Grodekow türkmen gelin-gyzlarynyň gahrymançylygyny beýik fransuz gahryman zenany Žanna D’Arkyň gahrymançylygyna deňäpdir. Garagyz eje, batyr ogly Gara batyryň jesedini getirenlerinde, ruhdan düşmän, oglunyň eşigini geýip, ýaragyny alyp, atyna münüp, duşman ordasyna tarap okdurylyp baryp, olaryň ýedi- sekiz sanysynyň janyny jähenneme iberýär. Ahyry Garagyz ejä duşman güllesi degip, atdan agdarylyp, jan berýär. Ýeke atly rus goşunyna garşy söweşe geleniň aýal adamdygyna göz ýetiren Skobelew: “Bu duşman aýalyň gahrymannçylygy hormata mynasyp” diýipdir. Merhum ýazyjy N.Hojageldiýew “Gara batyryň enesi” atly hekaýasynda Garagyz enäniň görkezen gahrymançylygyny örän çeperçilik bilen beýan edipdir.
Gökdepe söwe$inde gelin-gyzlarymyzyñ gahrymançylygy
-
URGENCLI
12 years ago
- gökdepe söweşi durşy bilen gahrymançylyk.
elli müňe-de yetmeyän ilaty bolan bu galanyň dunyäni sarsdyran beyik rus imperiyasyna garşy uruş yglan etmeginiň özi diňe şunuň özi hem deňi-taysyz gahrymançylyk hakyky watansöyüjilik
-
magnit
12 years ago
- turkmenin taryhynda ocmejek otlar.....
-
metehangokdepe
12 years ago
- Gokdepe galasyny basyp alansoñlar skobolow 22 mûñ jesedi jaylamaly
bolanda eýrana pul berip jaylamaga adam tutyar welin olaram jaylanlarynda adamlaryб ýûziklerini zadyny alp bilmese barmagyny çapyp alyp gulakhalka bolsa kesip alyp $eýlebir wahçylyk edipdir soñ bu zatlary Skobolow näçe ýûregi doñ ýûregem bolsa eyranlylara size jaýlanyñyz gerekdäl diyip eýranlary kowya soñ ruslañ ozleri galañ yanyna ertip gombage yaltanyp usdine çalaja gum sepipdirler soñ gû$liräk $emal bolsada jesetler gorinipdir garaz gerçek $ehitlermiz bu ýowuz du$manlardan idilli jaýlanmandyram
-
magnit
12 years ago
-
1merdan
12 years ago
- Gürrüň biýrdi ejem jan,
Gökdepe urşy hakda,
Sap-sap bolup gerçekleň
Söweşe barşy hakda,
Aýrysakgal deýýusyň
Türkmeni gyrşy hakda...
Gökdepe!
Gökdepe!
Beýik Gökdepe!
Tugy-namysy-ary,
Lebzi päk depe
Ýeke-täk depe,
Dünýäň kartasynda ady ýok depe,
Gyzyl ot sowurýar duşmana garşy
Üç ýylyň içidir çölüstan içre
Dünýä ýaň salýardy türkmeniň urşy!
Bu söweşe Amerika haýrandy,
Bu söweşe geň galýardy Ýewropa.
Peterburgdan perman yzyna perman
“Ulus ili bilen ýandyryň oda!”
Haýran bu urşa tutuş Ýewropa,
Çünki rus goşun ýöne goşyn däl,
Üç ýüz ýyllap söweş içre taplanyp,
Napolýony peýkun eden goşyndy.
Günbatardan gündogara at salyp,
Ýurt yza ýurt,
Ülke yzyna ülke
Basyp alýardy.
Ol dumly duşyna ýagdyryp gülle,
Gözel diýarlara talaň salýardy.
Wagşyýana goşyn harasat ýaly,
Wagşyýana goşyn gara ýel ýaly,
Uzak Gündogary,
Goja Kawkazy
Orta Aziýany basyp alýardy.
Şan-şöhratly goşyn,
Haýbatly goşyn
Gelip-gelip Gökdepede dargady.
General yzyna çalşyp general,
Ak patyşa aýy bolyp arlady.
Gökdepe!
Gökdepe!
Beýik Gökdepe!
Dünýäň kartasynda ady ýok depe,
Ýeňiji goşyny edýärdi weýran.
Toplar gümmürdiýär,däri ýarylýar,
Asman bilen zemin guma garylýar.
Bir goly gylyçly, biri gürzüli,
Bir goly naýzaly, biri tüpeňli,
Düzüň peleňleri, dagyň bürgüdi,
Beýewan arslany,
Gumyň börüsi
Ýyldyrymlap merkin berýär duşmanyň,
Syndyryp patyşaň şöhratyn-şanyn.
Gul bolandan gyrlan ýagşy är bolyp,
Gul bolandan ýatan ýagşy gör bolyp.
Diri galanyndan duşman elinde,
Ölüp giden ýagşy gyrnak bolandan:
Är kimin söweşýär gyzlar-gelinler.
Watan üçün janyn berip jan alyp,
Atalar Watany mukaddes etdi.
Olar ölüp,
Rüstem gelip ölümden
Watan üçün göreşmegi öwretdi
Saparmyrat Türkmenbaşy “Türkmen ilim aman bolsyn” kitabyndan
Aşgabat 2003
-
menbet
12 years ago
- okap gordim ozimi shol urushyn ichindemykan oytdim.yazanlar sag bolun!
-
menbet
12 years ago
- shol wagtda cholde yashap yoren turkmenleri gokdepe galasyna yygnapdyrlar gokdepan hanlary oz baylyklaryny saklajak bolup. Eger turkmenler cholde gachyp urshanlarynda belki yenerdiler, sebabi orslar chole owrenishmedik, onsanam turkmenlerde yaragam az gyrkylyk bn urusha chykanlaram bar))
-
nohurlyagza
12 years ago
- birinji gökdepe urşnda nohurdan gelen 5000 agyr ýaraglanan atly goşunyň kömegi bilen orslar çympytrak edilýär. Ikinjide eýran şasynyň nökerleriniň garşysyna urşmaly bolandyklary sebäpli nohurlylardan goşun gelmänsoň türkmenler ýeňilýär.
-
metehangokdepe
12 years ago
- nohurdan hijem kömege gelenok hiç kitapda nohur kömege gelipdir diýip 6azyk ýer ýokdyr
-
YaSwami
12 years ago
- Tüweleme bärde-de frendşip dostym mowzuk açypdyr, sag bol mowzygyňa bir hili öz boluşly taryh bolupdyr,! :)
-
Friendship
12 years ago
tüweleme bärde-de frendşip
dostym mowzuk açypdyr, sag bol
mowzygyňa bir hili öz boluşly
taryh bolupdyr,!
yaswami | 2012-01-12 23:45:53
özbolushly bolanda nähili bolýar, yaswami?:-)
-
menbet
12 years ago
- ayratyn
-
nohurlyagza
12 years ago
nohurdan hijem kömege gelenok hiç kitapda nohur kömege gelipdir diýip 6azyk ýer ýokdyr
metehangokdepe | 2012-01-12 23:13:14
piç agam adyňy çalyş ýagşylyga ýamanlyk boldy.
Friendship 12 years ago- Ýaşulularymyzyň tassyklamagyna
görä, Dursun hanyma atly şir
ýürekli zenan iki ýüz çemesi
gelin-gyzlary töweregine jemläp,
erkekler bilen deň hatarda
Gökdepe galasyny goramakda
mertlerçe söweşipdir. Bir gezek
Dursun hanyma duşmana gelýän
ýüzlerçe düýeli kerweni ele salyp,
gizlin ýol bilen Gökdepe galasyna
getiripdir. Ol kerwende egin-eşik,
azyk, ok-däri, mahlasy uruş üçin
birinji derejeli zerur harytlar bar
ekeni. Gökdepeli Geldimyrat
aganyň aýtmagyna görä,
Skobelew ýüküň geljek wagtyny,
geçjek ýoluny takyk anyklap,
türkmen gelin-gyzlarynyň
saýlama iki ýüz elli esgeri
güpbasdy edip, ýüzlerçe düýeli
kerweni talap alyp gidendigini
eşidende, name diýjegini bilmän,
aňkaryp galypdyr.
Mäneli Meretmuhammet aganyň
tassyklamagyna görä, Dursun
hanyma takmynan 1877-1878-nj
ýyllarda Gökdepe galasyny
goramaga hem gurluşygyny
etmäge gatnaşmak üçin Kaka-
Gäwers aralygynda hanlyk eden,
häzirki Gowşut obasynyň
ýakynynda ýerleşýän
Mämmetoraz hanyň galasyndan
göçüp gelen Maş hanyň uýasydyr.
Dursun hanyma Gökdepä göçüp
gelmezleriniň öň ýanynda
doganoglany Gaýyba durmuşa
çykýar. Lomakiniň ilkinji ýörişinde
Gaýyp wepat bolýar. Şondan soň
Dursun hanyma duşmandan ar
almak üçin, ata çykyp, batyr gelin-
gyzlary daşyna jemläpdir. Dursun
hanyma ýaşlykda ok-ýaý atmagy
agasy Maş handan öwrenipdir.
Gökdepe synan güni Dursun
hanyma mertlerçe söweşip,
wepat bolupdyr. Umuman, uly
ýitgiler bilen ruslar Gökdepe
galasyny syndyryp, türkmen
topragyny basyp alanam bolsalar,
türkmeniň erkinlige teşneligini
ýok edip bilmändiler. Şonuň
üçinem şu toprak üçin janyny
gurban eden gerçeklerimiziň,
erkekler bilen deň hatarda
söweşip, janyny orta goýan
zenanlarymyzyň
gahrymançylygyny ýatlap, bu
günki gün Garaşsyz
watanymyzda halkymyz olaryň
ruhunyň öňünde baş egip, olary
hormat bilen ýatlap, aýat-töwir
edýär. Ýatan ýeriňiz ýagty, jaýyňyz
jennet bolsun watan
gahrymanlary!
d. ýazgulyýew
çe$me:
www.azathabar.com