kalbymyň töründe orun alan şol gözeli ýatlamaýan günüm barmyka? Söýgi hakda söhbet edilse ýa-da goshgy diňlesem, söýüşýänleri görsem biygtyýar ýadyma şol gözel düşýär. ana, onsoñ ýatlamalar ýumagyny çözläberýän, çözläberýän... onuñ yzyna düşdügimçe-de ýüregim gysyp başlaýar. Alla jan, näme üçin bir shäherde ýashaýanam bolsak, shol gözel ýolda-yzda dushaýanok. didaryna zar bolan shol gözelimiñ gül roýuna teşne gözlerim ony, diňe şony gözleýär. ol bolsa ýok! hiç ýerde ýok! shol öñküje ýodany yzlap ýollara baryan. ol ýok! hawa, men üç çaganyñ atasy, uluja gyzyma shol gözeliñ adyny dakdym. Gyzymyñ gözlerinden onuñ gözlerini gözledim, ol gözlerde bolsa, diñe öz keshbim - sähelçe ýerde säwlik goýberen eziz keshbim bar. men özümi ýigrenýän. men ony biçak söýýärdim. ölüp-öçüp, serden geçip söýýärdim. onuñ-da maña biparh däldigini duýýardym. Ýeri, shony duýañsoñ saña bashga näme gerekdi diýsene?!................. ençe gezek dushushuga çagyrdym, çykmady. ýene-ýene çagyrdym. bir gezek çagyran ýerimde garaşyp durun. dostumyñ “gelýär” diýen sesine galpyldap ugradym. ol bolsa biziñ deñimizden bashga ýere barýan ýaly sowulyp geçip gitdi. men bolsa gedem, özüne göwni ýetýän oglan, şol günüñ özünde öýlenmegiñ ugruna çykdym. Garyndashymyzyñ Ýazjemal atly gyzyny maña alyp beresi gelýän käbäm begene-begene meniñ “iki gözümi dört etdi” Maýamdan aýra salan ýyllar köpeliberdi... köpeldigiçe, shol aýralygyñ salan ýarasy täzelenip gidip otyr... dogry, ol meniñ durmush toýuma gelipdi. misli tawus gush ýaly sähel zatdan ürküp duran gözelime özümiñ “bagtymy” göz edip, ar alýardym.“dushushyga gelmeseñ gelmän geç!” diýip öz ýanymdan hüňürdeýärdim. onuñ gözlerinden gaçan taýly gözýashyny gören dostumyñ “dost, ýalñyshaýdyñ öýtýän” diýen sözleri häzirem gulagymda ýañlanyp dur... arada mekdebi gutaranymyzyñ 15 ýyllyk senesini bellemek niýeti bilen köneje mekdebimize üýshdük. ol gün men oña juda kän garashdym. shol gün golaýlashdygyça ýüregim agzymdan çykyp barýana döndi. gapdalymda oturan ýigidiň “maýa gelýär” diýen sesine bolubilenini boldum. armanda goýan lälämi görjekdim. ol bolsa, klasdashym nazaryñ “maýasy” eken. men bolsa, öz maýamdan bashga maýa bardyram öýtmän, shu eziz adamlar bilen 10 ýyl bir klasda okapdyryn. men garashdym. ol gelmedi. shol gün onuñ adamsynyñ doglan güni eken. wessalam! görmek islän gözelim hakynda bar eshidenim shol boldy..! Ýashap ýörün... ish-aladam bashymdan agdyk. mashgalam bilenem agzybir. Ýöne shol gözel hakyndaky armanly ýatlamalarym birjik-de öz erkime goýmaýar. ol meniñ hyýalymda shol öñküligi ýaly utanjañ, ýygra, geplemezek, az-kem gussa çaýylan gözlerini aşak salyp barha menden daşlaşyp barýar... men“maýa, maýajan!” diýip aýagaldygyna hyýalymyñ yzyndan ylgaýaryn. ol bolsa elýetmez, sesýetmez, gözýetmez alyslykda. Ýyllaryñ gatyna diň salýan, ondan bolsa diñe owaz eshidilýär: “seni söýüp, göz ýetirdim bir zada: kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde...” utanjañlygyna, ýygralygyna düshünmän ýalñyshypdyryn. türkmen gelin-gyzlarynda depäñe täç edinäýmeli şol häsiýetlerine sarpa goýmaly halyma, ters düshünipdirin. men galan ömrümi şol elýetmez läläm hakyndaky ýakymly arzuwlarym, arzyman ýatlamalarym bilen, hyýalymda şa bolan melikäm bilen ýasharyn... çary, ashgabat shäheri. "zenan kalby" jurnaly
Bagy$la, Maýam?!!! (bolan waka)
-
nohurlyagza
12 years ago
- sen nirede,
shu hal darra-dirrede,
sheýle bir sesiñi eshdesim gelýär.
Sen bolsa arzymyñ ýeterinden dash.
nemedipdik ikimiz kürrede.
shu goşgyny eşdende özüne aýdylýarmyka öýdp eräp akýanyň oganyň ady kim, bilene bäşlik.
-
Nehir
12 years ago
- http://www.talyplar.com/3316-soygi-koyende.html
-
Nehir
12 years ago
- Dost, bu ýazgy ozal ýazylypdy. Ynha, aşakda.
Ynha, şu ýazgyny okap görüň!!!
-
Friendship
12 years ago
dost, bu ýazgy ozal ýazylypdy.
nehir | 2012-01-17 03:31:33
wi-i-iý, ötünç soraýan onda! bilmändirin. Menem bu hekaýany £urnaldan alypdym. Bagyshlañ, agzalar?! Bagyshlañ, nehir?!
-
vipboy
12 years ago
- yok bagyshlajak dal
-
magnit
12 years ago
- öylenenson öz gelnin bilen boldahow ilin heleyi bilen name ishin baray ?! oylenmakan nam ishledin mla, oylendinmi wse, oz krugyn, öz cagajyklan b.n bolda mlya
-
akylym1989
12 years ago
- friendship ýazgyny paýlaşanyňa sag bol
-
idealman92
12 years ago
- magnit bn razylashyan,ilin mashgalasy bn ishin bolmaly dal.
-
nohurlyagza
12 years ago
- Bilmediňiz çary.
-
student3
12 years ago
- dost yazgyny paylashanyna kop kop sagbol! Gaty gowy eken berekella dost!
-
sweetbala
12 years ago
- dunya bir gezek gelyas name bolsada söyenin bln yaşamaga deger,yalnyşylary bln söymeli,sebapsiz...
söygi oyun daldir synagdyr söygi söymedikler aldar ne gözel gyzy söyga mynasyplar janyndan geçer...
-
sweetbala
12 years ago
- aldanyan gyzlara gynanyan...
-
student3
12 years ago
- hawa gosulyan sweetbala.aldanyan gyzlara gaty gynanyan olaryn soyshesi geleni un name gunasi barka?wah wah...
-
mavibonjuk
12 years ago
- guli soydunmi tikeni bn soymeli.
-
ependi
12 years ago
- wäkgiş
-
Bilgi
12 years ago
- gaty gynanchly eken,sheyle yazgylary yaltanman paylashyan, minnetdar friend! On yazylanam bolsa beyle bolup gechen durmushy hekayalar nache okasanam az yaly, mena sheyle durmushyndan gurrun berip bilyane sarpa goyyan,muny her kim basharanok, seninem diyyanin jany bar magnit,yone beyle yazgylar beyleki ynsanlara yalnyshmazlyk uchin azajygam bolsa komega degyandir. Bu yerde hekayan gahrymany bashga mashgala goz gyzdyryanlygy barada dalde, wagtynda dogry karara-netija, yashlyk-ulumsylyk edip bash alyp chykyp bilmanligi baradamyka diyyan. Bu dine pikirim.
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Gözüñ chyksyn, bagyshlanmanjyk gecheweri...
-
Friendship
12 years ago
- melinda, sen zalym...
-
vipboy
12 years ago
- soygi diyilyan zad dine mashkalada bardir....
-
vipboy
12 years ago
- bu zamanda soygi galdimay...? Soygi yok problemada yok
-
vipboy
12 years ago
- bu zamanda soygi galdimay...? Soygi yok problemada yok
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Yigrenyan ulymsylary, erkek halyna nazin chekdirmek isleyanleri yigrenyan, gyzyng nazin chekmegi basharmayanlary yigrenyan... Vip dogry aydyang
-
vipboy
12 years ago
- ahow indi zamana utgedi indi gizlar oglanlarin nazni chekyaker.
Onki zamana yaly dal hazirki dowur onler gizin elinden tutsan ogshan yaly bolya diyatiler yashulalar . Hazir dagy wakalary eshsen oylenmagede gorkyan
-
vipboy
12 years ago
- ahow indi zamana utgedi indi gizlar oglanlarin nazni chekyaker.
Onki zamana yaly dal hazirki dowur onler gizin elinden tutsan ogshan yaly bolya diyatiler yashulalar . Hazir dagy wakalary eshsen oylenmagede gorkyan
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Howa vip shu wagtky oglanlaryñ bary sheyle bir gowy, sheyle bir ynsaply, hatda shu wagtky gyzlary dozer yaly dal. Biz gyzlara durmusha chykmakdan asla gorkamzok shon un
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Howa vip shu wagtky oglanlaryñ bary sheyle bir gowy, sheyle bir ynsaply, hatda shu wagtky gyzlary dozer yaly dal. Biz gyzlara durmusha chykmakdan asla gorkamzok shon un
-
makgush
12 years ago
- :-)
-
vipboy
12 years ago
- natdinay bayramsoltan ozunem chyrachylyk edyanmi onnon
-
Ayyuzli
12 years ago
- çary aga, agyr yüküň astynda galypsyň, dözüm bersin!
-
akgultm
12 years ago
- haysy bir eshten wakana ynanyp oylenman gezjek
kope yapyshma azdanam galma herkimoz deni-dyshyny tapyar shu dunyade....
-
jeka11
12 years ago
- Gowy hekaya $vnda oglan ulumsylyk edipdirdä adamyñ kiçijik yalny$am yüreginde ömürlik arman galdyryar eysemde oglan söygisini ilki bildirmeli aytmaly dälmi gyz söyyän diyip dvrsa gyzlara mahsus häsiyet dälä (meñ pikirim)
-
pida
12 years ago
- salam!men pikirimche mashgalaly boanson, mayam diyip yorse birhiliraklay.
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Wah shoda pida
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Vip sizin obanyzyn yasululary dowrebap ekenay
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Su yagdayda in kop awtoryn ayalyna gynandym in gunasizi sol basgasyny soyan oglana gelin bolmakdan erbedi yok bolaymasa kellanizde basga adam barka toy edip basga bicarani bir yakman
-
gaywana
12 years ago
- Aý nätjekdä eýläk ýatsañam beýläk ýatsañam söýen güliñ göziñe yp-yssy görinýändir,diñe oglon sebäp bolman bashga sebäplere göräde birigip bolmoýan ýagdaýlaram bolýar,ine aýdaly oglonuñ öñünde iki sany erkek dogony ba,gyzam biriniñ uly gyzy,gyzyñam oglonuñom alajy ýok,oglonom pukara mashgaladan, gyzy alyp bilmedi,onsoñ nätjekda 15ýyl däl 25ýyldanam Maýam diýer ýörersiñ,söýeniñ gitse senem biri bilen bagtyñy birikdirmelä!
-
vipboy
12 years ago
- sonundan yene oglan gunali bolup chykdimi:d
-
gaywana
12 years ago
- Owwa:D
-
pida
12 years ago
- tekegyzytatyana gepine goshulyanoov, dory aydyan!
dalijik 12 years ago- ba menem soygulim bn urusdym 6 ay boldy, bashkasny gozleyan yone ol soygulim her gun yadyma dushya, bashka tapaysam su gune dushermikam?