Söýgi! Sen neneň gudrat! Seniň näzikligiňden, seniň inçe syrly täsinligiňden ynsan göwnünde hasyl bolmajak ýa-da bolar diýip umyt döredýän arzuwlary oýarýaň. Bu dünýede söýüp ýa-da söýlüp ýaşamakdan başga lezzetli zat barmyka?! Megerem, ýok bolsa gerek! ALLA tarapyndan bu syryň gudraty nämedekä? Akar suwly derýa, goluň uzadañda ýetmejek asman ýa-da aňyrsy görünmeýän çöllükmi sen? Ine, meñem ajaýyp arzuwlaryň düwünsiz ýumagyny çözläp, arzuwlar ummanyna çümen ejiz göwnüm herne giň meýdana nazaryny aýlanda, kalbymda hemişelik orun alan näzik duýgularyň, ýakymly ýatlamalaryň girdabyna çümýän. Gör niçe ýyllar, günler, ýakyp-ýandyran ahwalat söýginiň ejapdan ejirli ýollarynda herne ejizlän bolsam-da, güýç-gaýrat berjek günleriň ahyry geljekdigine ynamym ýok däl. Ol gara gyşly gün, ol günki duşuşyk, otlukly günler ýene geler..!
Ýene geler...
-
Friendship
12 years ago
friendship, siziñ ugruñyza
türkmen dili- edebiýata däldirdä
hernä, tüweleme edebiýat
gidishýäñizow (goshgy, söýgi,
mukaddeslik, shahyrchylyk)
bravo frien!
hezretli | 2012-01-15 05:08:00
ugrum - £urnalistika (ne$ir i$i).
Bahañyza minnetdar, hezretli!
-
merw557
12 years ago
- frienship! sen öň turkmen edebiýatyndan olimpiýada-da gatnaşdyňmy welayat ýaryşda!
-
Friendship
12 years ago
frienship! sen öň turkmen
edebiýatyndan olimpiýada-da
gatnaşdyňmy welayat ýaryşda!
merw557 | 2012-01-15
05:22:54
hawa...
-
nlo
12 years ago
- tüweleme ökde zhurnalist bolarsynyz
Hezretli 12 years ago- friendship, siziñ ugruñyza türkmen dili- edebiýata däldirdä hernä, tüweleme edebiýat gidishýäñizow (goshgy, söýgi, mukaddeslik, shahyrchylyk)
bravo frien!