Ömür diýilýän zat üç sany galada geçýändir. Ol galalaryň biri ömürlik, galan ikisi wagt taýdan biri-biriniň yzyndan gelýändir. Ömürlik gala diýýänim — seniň Watanyňdyr, doglanyňdan tä Allanyň beren soňky gününe çenli sen şonuň içindesiň. Ikinji gala — seniň doglan, önüp-ösen öýüňdir. Bu galada sen ata-eneň mähri bilen kemala gelýärsiň. Bu gala saňa ezizdir. Çünki bu galada seniň üçin kökenek gerýän ata-eneň bardyr. Bu galada saňa dil bitendir. Bu galada sen kämil çykansyň. Bu gala saňa üçünji galada ýaşamagyňa ak pata berendir. Üçünji gala — seniň öz saýlan söwer ýaryň bilen guran öýüňdir. Bu seniň gül-gunça bolup, many-mazmun bolup açylmaly galaňdyr. Sen bu galada ata-eneňe herdem minnetdar bolmalysyň, olara minnetdarlygyňy bildirip durmalysyň, asylly işleriň bilen olaryň gowy perzent ýetişdirendiklerini subut etmelisiň. Asyllylygyň, mertebäň, işiň, hyzmatlaryň, hormatyň olaryň ömürlerine ömür goşar. Her günki berýän taňry salamyň, berýän goldawlaryň, hoş sözleriň bildiren minnetdarlygyň bolar. Şeýtseň, iýen duzuňy hakladygyň, alan mähriňi özüňe siňdirdigiň bolar. RUHNAMADAN
Ömür diýilýän zat üç sany galada geçýändir...
-
idealman92
12 years ago
- SAPA,gaty dogry.turkmenbashynyn filosofiyasy oran manyly
-
URGENCLI
12 years ago
SAPA,gaty dogry.turkmenbashynyn filosofiyasy oran manyly
idealman92 | 2012-01-18 11:59:44
bu turkmenbaşyň kitabyndan bolsa-da tutuş turkmen filosofiyasy,turkmeniň esasy durmuş ýörelgesi
-
sweetbala
12 years ago
- ömür diyilyan zat 5gün döwrandyr
5wagt namaz hakdan gelen permandyr.
teman adyn göremde şu setirle aklyma geldi
-
Bilgi
12 years ago
- oran jaydar aydylan,yetienine minnetdar friend! Paylashyp dur.
-
Bilgi
12 years ago
- "yetirenine" diyjekdim.
URGENCLI 12 years ago- sagbol friendship gowy zatlary yatladypsyň
minnetdar