ahyr bir gün ynsan unudýarmyşyn, süýji ýatlamadyr ajy günleri. bu gün etjek senden ýekeje haýyş: her gijäň ýarynda unutma meni! sebäp, men her gije şol sagatlarda, seni ýatlap karar tapman oturýan. arzuwlam aglaýar perişan halda, gözüm gurap kör bolsam-da unutma! şol pursat ýaňlanar gülkiň äleme, bir owurt suw bolup içim sowadar. diňe şemal ynanar meň nalama, däli bolup öwsenimi unutma! aýagym ýalaňaç, elimde hasa, seniň üçin uzak ýollara düşdüm. ençe ýyllardan soň saňa dolansam, magşar güni saňa duşjak, unutma! entegem ýadymda ýaşyl köýnegiň, ony bir gün meniň üçin geý ýene. seniň keşbiň aldy meniň aklymy, ýaraly guş görseň unutma meni! aýralyk oduna ýanan günlerim, nirde bolsaň haýal etmän dolan, gel!!! seni söýýän - diýip ýumulsa gözüm, Allaň huzurynda unutma meni! A.Ýazmammedow
Unutma meni!
-
Jasminka91
12 years ago
- Söyginiñ $asy:)gowja go$gy ýetiripsin sag bol payla$anyna
-
Merw92
12 years ago
- söýgi ylymlarynyñ kandidaty :D
-
magnit
12 years ago
- soygi ugrundan hunarmen, azajyk tejribesem bar :)
-
Kurtoy
12 years ago
- Indi tochna bu goshgyny okap unutmaz dos seni))))
Gowy goshgy eken
-
AHAL
12 years ago
- a yazmammedow diydigin kim bolya? ozinmi?
-
Friendship
12 years ago
- Ýok, men SAPA HOMMADOW.
go$gyñ awtory ol.
-
AHAL
12 years ago
- hajyn jigisimi duzen shu goshgyny?
makgush 12 years ago- Sagbol friend ýetireniñ ücin, gowja goşgy!
(Senem unutma meni=)