Seni menden artyk söýýän barmyka? megerem, ýokdur. Mümkin, men özümiñ söýgüme çendenasha baha berýändirin! Mümkin, señ ýanyñda bu söýgi gülkünçdir! Mümkin, bu çaga oýunjagy ýalydyr seniñçe! Hawa, dashyndan bashga biri bolup seretseñ, gülkünjirägem-dä! Ýöne señ bu "oýunda" (eger, bu, hakykatdanam, oýun ýaly bolsa!) bashga biri bolup oýnamagyñy islämmok! Durmush dowam edýär diýýäler. Men indi bu sözlere gaty bir ynanyp barammok. Durmusham durýar eken. Sensiz durmushum, ine, dur ahyry! Hereketem ýok, gymyldam. Sho bir gaýtalanýan adaty günler... adatylyk ýadatdy... Senli günler, gör, neneñ ajap eken! Näme üçin sho wagt señ gadryñy geregiçe bilmedimkäm?! Giç bolaýdymyka indi? Sheýledir! Bolmasa o diýen ötmesiz günä-de etmedim-ä men! Shu ýerde bir goshgy setirleri ýadyma düshdi: ...ötmesiz günänem ötüp dur günler, çyn söýgi çyndanam bagyshlar eken... hakykatdanam, çyn söýgi bagyshlaýarmyka? Ýa söýgi iki tarap hem söýende çyn söýgi bolýarmyka?

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir