Mähribanym, seni tapmak seni unutmakdan has ýeñil, señ ýüregiñdäki ol ajaýyp söýginiñ hiç öçmeýshi ýaly, meñ kalbymdan-da hijem öçmez. Her gije uky gelmän gözlere, señ arzuwyñda perýat etýän. Irkilmek kaýda, uklamak kaýda! Uklasam hem Hudaýdan dilegim - seni görmek düýshimde!!! Beýle uly bagt bolarmy heý-de?! Bu ajap duýga garshy aýralygy goýmak bolarmy heý-de?! Seni unutmak ölümden beter ahyry! Señ mährem ýylgyrshyñ, nepisden ýakymly sesiñ, Gün kimin parlaýan keshbiñ hiç haçan hem hakydamdan çykanok, çykmazam! Çünki, ýürek diñe sen diýýär-ä! Söýgi! Belki, men bu duýga düshünmeýändirin! Belki, meñ söýgim saña häzirem ejizjedir! Emma bilip goý! - Ömrümi çalyshmaly diýseler, seni birje gezek görüp bilmek bagtyna hiç pikirlenmän çalshardym! Belki, ömür bagtdyr, emma meñ üçin sen bagt! Wagt geçer - duýgular köneler, sen unudarsyñ meni, emma meñ ýüregimde sen shol güljagazym bolup galarsyñ! Señ maña aýdan ol tikenli sözleriñ, bile geçiren günlerimiz hijem gitmez hushumdan! Onsañ sen nädip ýene maña özüñi unutmagy haýysh edip bilýäñ?? Ömrümi sora! Ýöne unut diýme!!! Ýürek onsuzam sensiz gün-günden ejizleýär, señ birje sözüñi eshitmegi nähili küýseýändigimi bir bilsediñ! Arman... Arman, wagt geçdigiçe, umydyma badak salýañ! Näme üçin, kim üçin, nämäñ hatyrasyna??? Belki, seni sheýle güýçli söýýänligimden gözüm gapylandyr?! Häzirem jogap tapmak kyn! Sen hemmelerden owadan, akylly, asylly, señ diliñ süýji, alçak! Sen maña howa dek gerek! Onsañ seni nädip unudaýyn? Aýt maña!!! Seni gün geçdigiçe, has hem beter söýýän! Öz yzyñ bilen näbellilige alyp gidip, maña öz kalbyñy wada berýän ýalydyñ... Söýgi oduny ýakyp, ikimiziñ onda ýanshymyz göz öñüme gelýär. Kimiñ ýalñyshy? Hyýalymdan aýyrmak isledim. Shonda-da, Hudaýdan her gijeki dilegim - düýshlerimde seni görmek!

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir