sen meniň kalbymda, men seň kalbyňda, diňe söýgi hakda gursakda aýdym. her urgusy “söýgi” diýip ýaňlanýar, mähirden doly ol şuglasy aýdyñ. sen meniň dünýämde, men seň dünýäňde, şaglap akýar möwjäp söýgi ummany. sowulmaz bahary söýgi bagynyň, nurly güni çoýýar ýalňyz dünýämi. sen meniň duýgymda, men seň duýgyňda, her gezek oýlansaň, ýatlaýansyň sen. geçen her pursady siňdirip aňa, söýginiň ataşyn otlaýarsyň sen. sen meniň alnymda, men seň alnyňda, güneş kimin bakýaň maňa ýylgyryp. kyn işleri aňsat eder şol bakyş, gideris biz bir-birege gol berip. sen meniň özümde, men seň özüňde, senden aýra bolup, görjegim näme?! aýdym aýdyp ýüregmiziň şanyna, ikimize ýeter ýekeje nama! Hazar Rejebow
Sen hem men
-
makgush
12 years ago
- =)
-
Bilgi
12 years ago
- gowja goshgy,yenede yetirip durun!
-
Jasminka91
12 years ago
- Ýa$asyn söygi:)
gowja gosgy,sag bol payla$anyna sapa
-
Jemka91
12 years ago
- Sen meñ düý$ümde, men señ düý$üñde,
Getirip goýsalar seni ga$ymda,
Özge zat islemen, ýeter sen bolsañ,
Söýgimi täç etseñ mydam ba$yñda.
çe$me: ogurlyk=)
Sapa go$gyny paýla$anyñ ün sagbol.
-
makgush
12 years ago
- Haý ogryjyk.=)
-
Jasminka91
12 years ago
- Gùndizin gùnortany ogurluk,makgush polisiya jang et derewjik:)
-
makgush
12 years ago
- Häzir jaň ederin, ýöne birini tutdyrmak gowaaa däl=)
-
Jemka91
12 years ago
- Mähhi nähili pikir etýäñ go$gyjygyñ eýesi kimkä?
littil 12 years ago- salam friendship sen öz söýgiňe duşsaň talyplarda okamana temada bolmaz :)