Söýgini wasp edere söz ýok. Men söýgiň nämedigini hiç bilmeýän ekenim. Söýgi şeýle belent duýgy eken. Onuň beýikligi gijäň garaňkylygyny, gündiziň ýagtylygyny, gahar-gazabyňy, garaz, ähli zady ýatdan çykardýan eken. Gülüm, seni söýdüm we entegem hakyky durmuşa gelip bilmedim. $ol hyýallarda ýaşaýan. Hiç amala aşmajak hyýallar. Bilýäň ahyry, aramyz uzak. Käşgä şu deňiz bolmasady. Käşgä aýralyk bolmasady. Bile bolardyk. Oturardyk. Seň dünýäme nur saçýan gara gözleriňe garardym. Men ol gözlerden hiç wagt doýmadym-a..! Gülüm, bilýän, men saňa laýyk däl. Men bir tiken. Sen bolsa gül. Bagyşla, seň gözel durmuşyňy zaýalanyma, päk söýgüňi ogurlanyma! Ýöne men hiç wagt saňa ýamanlyk etmek islemedim. Saňa duýdurdym-a häzir bol diýip. Beýle çalt we mäkäm söýgi! Düşünip bilemmok... Entegem hyýallarda ýaşap ýörün öýtýän..! Gülüm, düýn agşamam ýatyp bilmedim. Ukusyz gijelerime ýene bir gije goşuldy. Belkem, derdime gowy düşünýän gijelerdir. Aýly gijeler! Ýanymda bolsadyň şol gijelerde! Deňziň mylaýym şemalynda seň eýjejik eliňi tutup aýdan ýagty ýüzüňe seredip seni söýýän diýerdim. Ýa- da men öýde bolsadym. Murgabyň boýunda oturardyk. Derýanyň tolkunlap akýan suwy meniň içimdäki duýgularyň kitaby bolardy. Saňa ol söýgi kitabyny okap beredim. Sen meň durmuşymy bahar paslynyň gelşi ýaly üýtgetdiň. Dünýämde bägüller açyldy. $ol bägülleriñ gözelligi seň mährem ýüzüňden, jana şypa berýän mylaýym sesiňden, düýşlerime myhman bolýan gara zülpleriňden ýasalan... Entegem seň iberen suratlaryňa garap otyryn. Gökje köýneklije. Uzyn gara saçlaryň gözelligiňe gözellik, söýgime söýgi goşýar. Seň gözleriň maňa - seni söýýän - diýýär. Menem seni söýýän, kalbym! Men seni söýýän, bagtym! Men seni söýýän, janym! Gülüm, men seni söýýän! Men seni söýýän!!!

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir