Ýer nirde? Gök nirde? Bilip bolanok. Baky ilkinji gar ýagýardy ýene. Onuň ýerde dynnym ýaly kasty ýok, Gyz ädimi bilen düşýärdi ýere. Jaýlar, pyýadalar, awtobuslaram Ilkinji gar üçin şadyýandylar. Keýpihonlar näme, sussypeslerem Bary şu gar bilen ýaşaýardylar. Asman altyn açaryny aldyryp, Gar däl, ýyldyz dökýän ýaly bu taýa, …Paltosynyň ýakasyny galdyryp, Ýigdekçe barýardy wadaly jaýa. Ilkinji söýgüsi ýumşakdan-ýumşak Ilkinji gar bolup inýärdi gökden. Gar onuň ýoluna boljakdy düşek, Ýöne düşeklige ýetişenokdy. Ilki ýeriň, soň asmanyň zürýady Geçip bilmän ýylylygyň deňinden, Ilkinji gar pagyş-para erýärdi. Ýüzleň, elleň, ýeriň ýyly deminden. Bu gar birinji däl, däldi müňünji, Ol ýyllaň hasabyn undup ýagýardy. Ol kimiň birinji, kimiň ýüzünji, Kimiň bolsa, on ýedinji garydy! Şu gar üçin göwünlermiz ynjaldy, Geçenem, geljegem jem boldy bizde. Dünýede hemme zat ilkinji boldy, – Garam, Bagtam, Gaýgy-hasrat, Hoş söz-de! Maşynlaryň öl köçeden barşyny, Beýik penjireleň akja perdesin. Gögüň dynman elek eläp durşuny, Bagşyň barmak basan şirwan perdesin, Öňler müňläp kişi görenem bolsa, Öň duýanam bolsa müňlerçe ýürek, Olary hut ýaňy dörän mysaly, Görüp bilmek gerek ilkinji gezek! Aýlan sen, pyrlan sen bolmasyn ünjiň, Gyz ädimi bilen düş ýere sary. Öten ýyl ilkinji, bu ýyl ilkinji, Soň ýene ilkinji müdimi garym! GURBANNAZAR EZIZOW
Ilkinji gar
-
sahett
12 years ago
- kerim agan kitabam bar bolmaly enedilim.com girip alaymaly okaryn diyseniz
-
Friendship
12 years ago
- Bu kerim aga däl, sahett, gurbannazar aga.:-)
-
sahett
12 years ago
- ay mlaaaa yuzum jym gyzyl boldy kop garysdyryan bu sahyrlary
-
sahett
12 years ago
- gurbannazar agan kitabam bar bolmaly
enedilim.com girip alaymaly
okaryn diyseniz(su yerda yalnysmadym gurbannazar agan kitaby aslynda).yalnysmasam bu gosgam turkmenedebiyaty.com saytyndan alynan bolmaly
-
Jasminka91
12 years ago
- Yetirenin ucin sag bol friend.
-
Friendship
12 years ago
- Bash üstüne!
-
Friendship
12 years ago
- hemishe gysh gelse ýatlaýan seni..!
Gitdiñ, gar üstünde yzlaryñ goýup,
Gitdiñ, ýüregimde közleriñ goýup.
Ýaz söýgüme açylmadyk köñülden,
Çykan buz deý sowuk sözleriñ goýup.
Gitdiñ, has-da beter sowady dünýäm,
Ýalazy aýralyk boldy hökümdar.
Meñ titrän söýgüme dashdan guwanýan,
Kalby gysh, didesi sowuk zalym ýar!
Gitdiñ, gar tozgasy örtdi yzlaryñ,
Kem-kemden kepedi gözlermiñ nemi.
Senden sowuk ýatlamalar galansoñ,
Hemishe gysh gelse ýatlaýan seni!
-
littil
12 years ago
- sposiba bize ýetireniň üçin gowy goşgy timboli daşarda gar barka okasaň :)
-
Friendship
12 years ago
- Hawa...:-)
-
Friendship
12 years ago
-
Bahbit
12 years ago
- su gun bir hili yuregme sowuk aralasyp birdenka gar hakynda okasym geldi we gar diyip yazdymda gozletdim welin bibisara bilen friendship agzamyzyn acan temalaryny okap bir hili aram tapdym sag bolun su gowy temalarnyz ucin dostlar
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Bähbit näme boldy?
-
flame
12 years ago
-
flame
12 years ago
-
flame
12 years ago
- AAA
-
flame
12 years ago
- AAA
-
Bahbit
12 years ago
- yokla hic zat bayramsoltan
-
makgush
12 years ago
- Indä nesip bolsa garam ýagar:-)
-
Makintos
12 years ago
- gar yagar
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- yetireninize sag bolun.gyshda men ucin in gowy sowgat bu ir turup penjireden seredeninde dash toweregin duw ak gar bolup durmasy,men ucin in begenchli zat).
sahett 12 years ago- kerim aga tuweleme duzup bilya