Çawy dünýä ýaýran gadymy köneürgençlileriň paýtagty Köneürgenç barada täsin bir rowaýat bar: Gadym-gadym zamanda Ürgenç şasynyň ogly şazada Genç Hüýr atly perizada aşyk bolýar. Hüýrüň kakasy hem uly şa bolup, ol gyzy bilen körekenine kerwen-kerwen tylla bagş edýär. Onuň beren tyllasy şeýle köp bolup, şanyñ gaznasyna sygmaýar. Halkyna paýlaýar. Birnäçe kerwen gyzyly bolsa, geljekki nesillerimiziň nesibesi bolsun diýip, Köneürgenjiň topragyna seçip, onam ençe gezek sürdüripdir. Türkmen topragy tohumyň ornuna altyn atylan toprakdyr, ol topraga hyzmat etseň, altynyňy müň esse edip gaýtaryp berýär. Söýüň topragyňyzy, siziň söýgüňiz al-ýaşyl ekin bolup göwnüňizi açar, penje-penje güllere öwrülip, beýhuş edip jennete düşen ýaly eder. Söýüň topragyňyzy, siziň söýgüňiz deňiz ýaly tolkun atyp ýatan galla bolup duluňyza geler. Söýgüňiz çynar bolup, enar, erik, ülje, alma bolup depäňize humaýun saýasyny salar. Ruhnamadan
Köneürgenç hakynda rowaýat
-
menbet
12 years ago
- sagbol friendship! Koneurgench taryha bay yer.
-
smak95
12 years ago
- sag bol my friend
-
sahett
12 years ago
- saparmyrat nyyazow uly sahsyyet...sagja bol
-
1merdan
12 years ago
hawa, hakykatdan hem koneurgenjin doreyshi baradaky bu rowayat hakykata yakyn, ol huyr bilen genchin hatyrasyna huyrgench diyilip sonlugy bilen bolsa urgench bolanshym diyip aydylyar. Koneurgenjim yadyma dushup gitdi. Sagbol friend. )
ataş sen köneürgençlimi?
Atash120 | 2012-01-17 15:17:05
Sag bol frend gowy tema açypsyň
-
magnit
12 years ago
-
idealman92
12 years ago
- gutlug timuryn minarasy.ruhnamanyn sahypalary yadyma dushdi.
-
Atash120
12 years ago
- salam merdan, hawa, men koneurgenchden)
-
menbet
12 years ago
- niresinden?
-
1merdan
12 years ago
- aha ataş dost sag bol menem köneürgençli
-
menbet
12 years ago
- menem*
-
URGENCLI
12 years ago
- köneürgenç yedi bozulyp yedi düzülen şäher hasaplanyar
ilki bilen araplar bu şäheri weyran edyär
soňra çingiz hanyň goşunlary kynlyk bilen bu beyik şäheri basyp alyar. şol wagtlar bu şäherde azyndan million adam yaşapdyr
soňra emir timur 5 gezek horezme çozup weyrançylyk getiryär
koneürgenç häzir mukaddes yer hasaplanyp zyyarat edilyär
yunesko tarapyndan hasaba alnan we bütin dünyä taryhy gymmatlyklarynyň hataryna giryär
-
nlo
12 years ago
- köpininz gonşym ekeniza
-
magnit
12 years ago
- 368 pirlerin öwulyasyny gormek arzuwymdy...
-
magnit
12 years ago
- 360 bolmaly *
-
URGENCLI
12 years ago
- magnit dost arzuwyňa alla yetirsin
men 360 pirleriň mekanyna, turkmeniň ikinji käbesine her ýylda birnäçe sapar aylanyan
her ädim ýerine her ymaratyna belet men gadymy ürgenjiň
ol yerde toprak yok diňe bişen kerpiç we küýze döwukleri ýüzlerçe gektar yeriň ýüzüni tutup yatyr
-
magnit
12 years ago
- znacit birwagt uly shaher bolandygy
-
magnit
12 years ago
- znacet birwagt uly shaher bolandygy
-
URGENCLI
12 years ago
- hawa urgenç gaty uly şäher bolan
nusay, urgenç merw,şährislam,.......turkmenistanda gadymy uly şäherler gaty kän
Atash120 12 years ago- hawa, hakykatdan hem koneurgenjin doreyshi baradaky bu rowayat hakykata yakyn, ol huyr bilen genchin hatyrasyna huyrgench diyilip sonlugy bilen bolsa urgench bolanshym diyip aydylyar. Koneurgenjim yadyma dushup gitdi. Sagbol friend. )