Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň futbol topary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşa gatnaşarlar. Bu bäsleşik 19-29-njy ýanwar aralygynda Orsýetiň Sankt- Peterburg şäherinde geçiriler we onda 12 topar bäsleşer. Atylan bije boýunça Türkmenistanyň ýaşlar futbol komandasy “A” toparda 19-njy ýanwarda estoniýaly, 20-nji ýanwarda gazagystanly, 22-nji ýanwarda bolsa orsýetli futbolçylar bilen bäsleşer. Bu ýaryşyň jemleýji oýny 29-njy ýanwarda geçiriler. GDA-nyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşa ukraýinaly, moldowaly, gyrgyzystanly, latwiýaly, belarusly, eýranly, täjigistanly we litwaly futbolçylar hem gatnaşarlar. Çe$me: www.azathabar.com

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir