Men kim­dir bi­ri­ni unu­dan ýa­ly,
Kim­dir bi­ri çy­kan ýa­ly ýa­dym­dan...
Ýü­re­gim kä­te­ler tis­gi­nip gid­ýär,
Nä­ta­ny­şyň has nä­ta­nyş adyn­dan.

Ýer­den çy­kan ýa­ly bo­lup bir şe­mal
Bir­den­kä sy­pa­lap geç­se ba­şy­my,
Men oňa şol di­ýip, ed­ýän-de gü­man,
Syn­la­ma­ga gork­ýan deg­re-da­şy­my.

Dur­muş tap­ma­ça­my,
Gur­luş tap­ma­ça?!
So­rag­lar um­ma­ny he­läk et­jek­den.
Adam öz-özü­ni göz­läp tap­ma­sa,
Oňa kim­dir bi­rin se­bäp et­jek­den.

Her kim gö­räý­mä­ge hoş­gy­law ýa­ly,
Baş­ga ki­şi bol­ýar,
ba­raň­da deň­ne...
Ol kim,
dö­räý­me­li goş­gu­lam ýa­ly,
Me­ni dert-aza­ra sa­lar­ça beý­le?!

Ýat­dan çyk­sa ýat­dan çyk­ma­ly zat­lar,
Soň yzy­na gel­jek bo­lup dur­ma­sa...
...Men ýe­ne tis­gin­ýän nä­ta­nyş at­dan,
Ýal­ta bak­ýan, nä­ta­nyş ses gür­le­se.

Aýgül GARAÝEWA

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir