Tumşugy bäş garyş ýokardady ony söýenimde. Nähili elhenç gülýärdi üstümden her gabatlaşanymyzda. Zalym diýse!.. Oňa söýgimi beýan eden günüme nälet edip gezdim näçe wagtlap. Erbet kemsidýärdi. Ýanymdan geçende maňa şeýle bir ajy nazar oklaýardy welin, ýere giresim gelip gidýärdi şol pursat. Onuň bilen tanyşan günüme-de, aýyma-da, ýylyma-da nälet bolsun! Onuň gül ýüzüni ilki gören agajymyň kölegesine nälet bolsun! Şol agajyň şahasynda ajaýyp saýran guşa-da nälet bolsun!.. Näletler ýagýardy hamsygýan ýürekden. Ýöne, näme üçindir, onuň özüne hijem nälet edip bilmeýärdim. Onuň dodaklaryndan dökülen ajy sözleri häzirem ýadymdan çykanok. Ýöne onuň agysy näçe ajy hem bolsa, elhenç hem bolsa, mekdebe gitmek üçin howlugýardym ýene her gün. Mekdebe gitmek üçin howlugýardym hemem ony ýene görmek üçin. Meniň bilen hiç gürleşmeýärdi, gaçýardy. Ýöne joralarynyň arasynda bolsa-da, onuň şadyýan pursatlary şeýle bir ajaýyp bolýardy welin, synlap doýup bilmeýärdim. Gyýtaklap hem bolsa gözünden aýryp bilmeýärdim gözümi. Ýadaw gutarýardy onuň hyýalynda bolsa-da, onsuz geçen gijeler... Gijäniň ähli ýerini onuň bilen doldurýardym. Ýöne...ol bolmaýardy ýanymda. Özüm samsyk, nireden bileýin onuň beýle doňýürek boljagyny?! Ondan hiç zat islemändim ahyryn! Diňe söýgi! “Näme üçin men şeýle boldumkam” ýaly soraglar jogapsyz galýardy her pursat. “Täleý” diýýärdim. Belki-de, söýgä mätäç ýüregiň işidir bu. Ony nähili gabanýardym. Edil göterýän akja sumkasy ýaly ýakyn bolmasamam, onuň howlusynda bitip oturan bir otjagaz bolmak isleýärdim. “Otjagaz nähili bagtly!” diýýärdim, “Ony menden has köp görüp bilýär” diyip ejir çekýärdim hemişe. Ah, dynç alynmak üçin başlasa-da, meniň üçin ýadaw gutarýan gijeler... Onuň ady bilen, ýady bilen bezelýän gijeler... Ondan bäri ençeme ýyllar geçipdir. Dek düýn ýaly...
Ýene bir gijäniň gujagynda ellerimdäki suratlar bilen ýene ony ýatlap otyryn. Ýene howa sowuk, ýene titreýär ýüregim onsuzlyk agysy bilen... Ýyllar ony unutmagym üçin maňa kömek edermikä diýýärdim. Ýalňyşypdyryn. Ynha, men ýene aglap otyryn onuň üçin, saçy çalaryp giden bir goja bolsamam indi. Bu gün onuň ölenine laýyk 40 ýyl doldy. Çal reňkli maşynyň aşagynda gyzyla boýalan akja köýnegiň içinde köçede ýatyşy henizem gözümiň öňünde. Men dözmesemem, maşyn ezipdi 17 ýaşlyja näzik bedenini. Ylgap klasa giripdim... Uly-ilim bilen diwarlary sarsdyryp gygyranym ýadyma düşýär şonda. “Bolup bilmez!” diýýärdim. “Bu bir oýundyr-la, şeýle dälmi, ezizim?! Meni ýene oda düşürmek üçin oýun etdiň sen! Ertir bolsa, gulpaklaryňy şemala sypaladyp girersiň ýene şu klasa. Gelip oturarsyň öňki ýeriňe. Akja sumkaňdan depderdir kitaplaryňy çykaryp oturşyňa, diliň joralaryňa salam diýýärkä gözüň meni tapar gyýtaklap ýene” diýip samraýardym...
Ajy bolsa-da näçe...bu bir arzuwdy hemem paşmadyk arzuwlara goşant goşýardym şonda bilmän. “Onuň oturan ýeri” diýip, ýerinde oturypdym. Partanyň ýüzüne gyzyl galam bilen gazalap ýazyp goýan adyny öpüpdim sojap-sojap aglap oturşyma... Partanyň aşaklaryna aýlanypdy elim. Hiç zat ýokdy, diňe könelip giden bir kagyz tapypdym bir gyrada. Gatyny açdym. Bir tarapdan gözümiň ýaşlary kagyza degmesin diýip howatyrlanýan, beýleki tarapdan bolsa, kagyzdakylary okamaga synanyşýardym jan edip... Hata gaty ähmiýet berleni töwereginiň keşdeler bilen bezeleninden bildirip durdy. Harplar bolsa sünnälenip ýazylypdy. Ilki geň galdym. Hat maňa ýüzlenilen, ýazgy bolsa oňa degişlidi.. Her harpyny uly bir mähir bilen okadym. Gaýta-gaýta, aglap-aglap okadym. Ilkinji setirler henizem ýadymda. 40 ýyllap her okanymda aglaýaryn şondan bäri. Hatyň başynda şeýle sözler bardy:
“Söýen söýgülisini ýerden-ýere pylçarmyş, ezizim, bagyşla meni!..”
Ajy hakykat ýa-da bir gojanyň gözüni ýaşlap beren gürrüňleri
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Onat "oylanma"
Pegas, agam shu goshgy sende yokmuka gorup bersene we bar bolsa shu yere teswir etsenem ya bolmasa ayratyn blog edip achsanam:
Bashagay durmushda darykma kalbym,
Gyssanma hemme zat yerbe-yer bolar.
???
-
Nirvana
3 years ago
- Duýgulandym.
“Söýen söýgülisini ýerden-ýere pylçarmyş…”
Şeýlemikä?!
-
soho
3 years ago
- :(
-
Pegas
3 years ago
- @Ahmedik_97, ýog-a mende. Google'da kändir.
-
kwazimoda
3 years ago
- Nirvana2 hours ago
Duýgulandym.
“Söýen söýgülisini ýerden-ýere pylçarmyş…”
Şeýlemikä?!
🤔🤔
Sada... 3 years ago- Mbah... duygulandyrdy.