"Sensiz guşlar saýramaýar..."
(aýdymdan)

Sensiz guşlaram saýrady,
Güllerem açdy gunçasyn.
Durmuş piňe-de almady
Söýginiň onça-munçasyn.

Aýralyk ajy derman deý
Söýgiň emi-ýomy boldy.
...Seni ýitirip tanadym.
(Beýgeleniň gowy boldy)

Gedem göwnüm...
Neden göwnüm
Saňa togap ediberdi?!..
Ýüzüme bir seretdi-de,
Durmuş dowam ediberdi.

Eden uly işimiz ýok,
Kalba köz basdyk diýmeseň...
"Halyň niçik?!" diýşenem ýok,
Ezilen ýassyk diýmeseň...

Aglaýanym, dözmeýänim,
"Söýgim aýnamady" diýip.
Ýöne ýalan sözlemäýin,
"Guşlar saýramady" diýip...

Aýgül GARAÝEWA

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir