Endik edip otly bakyşlaryna,
Garaýarka her gün ogryndan-ogryn,
Bu gün aýra düşüp goşgy ýazmaklyk ―
Kyn...

Ýeketäk hasaplap bu giň älemde,
Aýdyp onuň ilden artykmaçlygyn,
Bu gün bolsa kemçiliginem duýmak ―
Kyn...

Şanyna ençeler goşgular goşup,
Isleseň dünýäňde baky galmagyn,
Islegiň ýer tutman, nälaç köremek ―
Kyn...

Düýn haýyş edip yşkyň bagynda
Diňe özüñ üçin saýramaklygyn,
Bu gün özge bagda owazyn eşitmek ―
Kyn...

2013ý.

Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir