Goňşymyzyň bir gowy ogly bar. Arassa, agzyndan ýekeje-de agyr söz eşitmersiň. Ýöräninde-de ýere seredip ýöreýär. Ejesine-de “siz” diýýärmiş. Bir ýerin-ä gutardy. Şo diýip ölüp barýan-da! Okuwly. Özem ýeke ogul. Jaýlaram gowy. Düzgünlerem gül ýaly. Ejesem erbet däl. Özi ýaly ýuwaş, “meni urany Hudaý ursun”. Kakasam bir institutda mugallym. Özlerem gyz gözleýämişler. Şol oglana görünjek bolup her zat edip çykdym. Şonda-da maňa barmysyňam diýenok. Ýekeje gezek özüme seretdirip bildim, onda-da jigime gaharyma: “Gömül, ýerçeken!” diýip, bir şapbat uramda jigim uly-ili bilen aglady. Ol oglanam maňa seretdi. Nämemiş, düşünjeli gyz gözleýämişler. Menem ýüzüme reňk çalmany-ha öwrendim. Zontigem göterýän. Düşünjeli diýdikleri nämekä? Okuwly diýdiklerimikä diýsem, o-da dälmiş. Arada okuwly bir gyza-da barypdyrlar welin, gyz: “Ýaşmak ýaşyndyrmasa, gyňaç daňyn diýmese baraýaryn” diýýämiş. Şo sözi üçinem halamandyrlar. Mes tulalar bar, gyz, biri diläp gelýän bolsa boldugydyr-da! Onda-da, oň ýaly oglan üçin. Şu wagt düşündirip bilemok-da, goňşymyzyň ogly şeýle bir gowy-y-y, şeýle bir gowy-y-y... Jigimi uranymy halamadymyka? Aý, ýok-la! Gelnejemem çagalaryny eliniň ýeten ýerine geldigi: “Gyrandegmişler” diýip urýar. Urmasaň bolýamy o ýerçekenleri?! Etiňi iýip barýalar-a! Oň üçin däldir-le! Şu “düşünje” diýilýän zatlarynyň nämedigini bilsem, ölerdim welin, düşünjeli bolardym şol oglan üçin. Oň nämedigini, ne gelnejem düşündirip bilýä, ne-de ejem. Kakamdan soramaga-da utanýan. Bolmasa, ertir ölýänem bolsam, kakamdan soraýyn... Hindi kinosam başlaman geçdi-le! Gelnejem-ä: “Otursana, gyz, bir gerreçi duşmasa şükür et!” diýýä...
Goňşymyzyň ogly şeýle bir gowy-y-y, şeýle bir gowy-y-y...

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir