Sen düýşüme girdiň ― öňküje bolşuň,
Öňkiň ýaly süýji gürrüňler edip.
Menem hezil edip gulagym asdym,
Özüm dymyp, seni bolsa gürledip.

Sen-ä saçlaryňy şemala berip,
Ýöräp barýarmyşyň arzuwma tarap.
Menem seň yzyňdan galman barýaryn,
Kä yzyma garap, kä saňa garap.

Sen-ä köpmanyly bakýaň ýüzüme,
Menem düşünemok (sadadym-da, wah!)
Duýmandyryn, birden nämeler boldy...
Peýda boldy gapdalyňda al-arwah.

Seni halas etmek isledim ondan,
Ýöne sen arwaha eliňi berdiň.
Alaçsyzdym...
Sebäp, islediň özüň...
Ine, şeýdip gije düýşüme girdiň.

2012ý.

Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir