Gurban93
Atajan Tagan
Atajan Tagan....
Özüniň durmuş hakykatyny çeper beýan edýän, many ýüki ýetik ajaýyp çeper eserleri bilen diňe bir türkmen okyjylarynyň däl, daşary ýurtly edebiýaty, sungaty söýüjileriň arasynda-da ýakyndan tanalýan meşhur ýazyjymyz Atajan Taganyň döredijiligi baradaky maglumatlar hemmeleri gyzyklandyrsa gerek. Şonuň üçinem biz, özi...
Birden aldaýmasynlar
Gaty ajam bolma gyz
Birden zyňaýmasynlar
Gaty süýjem bolma gyz
Birden iýäýmesinler.
Söý sen ýöne saýlama
Ençä özüň taýlama
Saýlap gijä galaýma
Görüp oňaýmasynlar.
Gözellige sen guwanma
Owadan diýip öwünme
Söýesize söýenme
Birden ýykaýmasynlar.
...
Ýüzüň dili
1. Maňlaýyň giňligi bilen äňiň giňligi meňzeş bolan gönüburçly dörtburçluk şekilindäki süýri ýüzli adamlar.
Olar köplenç, ýolbaşçy, işlemäge ukyply bolýarlar. Olar duýgurdyrlar, öňden görüjidirler, adalatlydyrlar, erkin häsiýetlidirler. Bular ýaly şekildäki adamlar guramaçylyk işlerine ezber, adamlar bilen işleşmegi başarýan, maksadaokgunly...
Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk ýokary okuw jaýy
Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk ýokary okuw jaýy 1992-nji ýylda döredildi. Bu ýokary okuw jaýymyz - Watanymyzyň ähli ulag we aragatnaşyk ulgamy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlaýan merkezidir.
1. Bölümler we hünärler:
Awtomobil ulagynyň ulanylyşy
hünär: awtomobiller we awtomobil hojalygy.
2. Howa ula...
Kitap näme?
Kitap adamzada mahsus bolan maglumatlaryň tükenmez çeşmesi we medeniýetiň mermer daşydyr. Ol biziň görüp bilmeýän zatlarymyzy görkezýän, eşidip bilmeýän zatlarymyzy eşitdirýän, asyrlary bir-birine baglaýan köprüdir. Ol ençeme derdiň dermanydyr. Diwarlary medeniýet kerpiçlerinden galdyrylan binadyr, taryhda yz galdyran beýik akyldarlaryň dürdäne set...
Yhlasgeldi Orazow Nygmaty bolar
Bäş günlik dünýe bu göz açyp synla,
Bu dünýe kapyryñ Jenneti bolar.
Ynsan içre her nadana iş buýrsañ,
Işe goýulmazdan minneti bolar.
Kiramen, Katibin sagy-soluñda
Her iş, sözüñ ýazar galam golunda
Namaz okyp panyñ dogry ýolunda
Ýöräne Allanyñ rehmeti bolar.
Nämährem ýigit, gyz...
Harplaryň astyndaky häsiýetler
Grafologiýa ylmy (hat üsti bilen häsiýet öwrenýän ylym) has giçki döwürlerde kemala gelendigine garamazdan, IX-XII asyrlarda-da golýazmada adamyň häsiýetiniň şöhlelenýändigi barada azda-kände garaýyşlar bolupdyr. Şeýle-de bolsa,grafologiýa diňe XX asyrda rowaçlanypdyr. Golýazmadan ony ýazan adamyň erkek adamdygyny ýa-da zenandygyny anyklamak, häsiý...
Magtymguly adyndaky türkmen döwlet ýokary okuw jaýy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet ýokary okuw jaýy – Türkmenistanyň iň uly we köpden bäri işläp gelýän öňde baryjy uniwersitetleriniň biri. Uniwersitet 1950-nji ýylyň 14-nji iýulynda açylan. Ilkinji ady M. Gorkiý adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti, 1931-nji ýylda açylan Aşgabat pedagogik institutyndan öwrülen. 1989-njy ýyldan bäri Ýewroaziýa uni...
Halkara gatnaşyklary ýokary okuw jaýy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany bilen döredildi.
2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli institutyň binalar toplumy ulanmaga berildi. Institutyň täze binala...
Türkmenlerde kitap okaýan barmy
Bir Ýapon bir ýylda ortaça 25 kitap okaýar.
Bir Şwes bir ýylda ortaça 10 kitap okaýar.
Bizde ýagdaýlar nähili???
Aşyr Salyh ogly Görmäge geldim
(Eýranly doganlarymyzyñkyda okalan goşgy)
Köpetdagyñ her derisin gulaçlap,
Mähribanlar sizi görmäga geldim.
Ýürek biýre baglap, bar işim taşlap,
Derdu ahwalyñyz sormaga geldim.
Gözden uçsañyzam ýūrek zary siz.
Dogalarymyñ heñi çekilen tary siz
Ýarym göwräm onda,galan ýary siz
...
Jelaletdin Rumy Hökümdar hem halypa (hekaýa)
Ýurduň hökümdary günleň bir güni
Öz halypasyndan soranmyş şuny:
«Kemiň bolsa iýmek-geýmek babatda,
Maňa duýduraýgyn ýagdaýyň hakda.
Halypa şeý diýen: «Eý, keremli şa,
Meniň üçin batma gaýgy-endişä,
Iki sany gul bar meniň elimde,
Olar ykbalyňy çözýär seniň-de!»
Ş...
Nowruz Güýjowden iki goşgy
Akar suw
Şirrildisi şirin mukam,
Durna göz suw akyp barýar.
Badyn gowşatman elmydam,
Teşneleri ýakyp barýar.
Janly-jandaryň arzuwy,
Bütin dünýäde arzyly,
Wada berip bol hasyly,
Menzilleri söküp barýar.
Topraga bagş edip baryn,
Ösdürip alma-enaryn,
G...
Halyl Kulyýew Kepemeýär derýalaryň suwlary
Kepemeýär derýalaryň suwlary,
Belent - belent daglar olaň gözbaşy.
Daglardanam beýik ýürekden çykýar,
Eneleriň egsilmejek gözýaşy.
Bu gözýaşlar köp döküldi ozallar,
Bu garabagyrlar öňdenem kebap.
Indi berin bir bolgusyz zat üçin
Onuň dökülmegne bolmalyň sebäp.
Olar ynjasa...
Mustafa Welläýew Aýdyşyk
Gara ýolly ( Şyhmyrat Abdyllaýew):
Joýanyñ çetine çyzyk çekiler,
Tohum taşlap hatar-hatar ekiler,
Boý ýetirse guwanç bilen bakylar,
Şahyr, bu ekine näme diýiler?
Daýhan ýigit ( Mustapa Welläýew):
Joýanyñ çetine çyzyk çekilen,
Tohum oklap hatar edip, ekilen,
Boýy ýetse g...
Italmaz Nuryýew Unutma
Aldandyñ ezizim, ýalñyşdyñ çensiz,
Ýöne soñra biljegiñi unutma!
Saña durmuş juda kyn düşer mensiz,
Günleñ agyr geljegini unutma!
Mejnunyñ Leýlini söýşünden zyýat
Söýüpdim men seni, wah, özüñ şaýat!..
Sen şeýle söýgini bilmediñ aýap,
Ahmyr bolup dömjegini unutma!
Hoş gal, gidýän...
Abdylla Arypowyň nesihaty
Men uzak döwürler garakçy boldum,
Şu ýolda taplandy akyl we ýürek.
Özümden dänenim bir özüm bildim,
Seň neden garakçy bolmagyň gerek?
Men ýapyk binada ýaşadym gorka,
Delalat diwarna dyrmaşdym uzak.
Sen neden bu dünýä bakýarsyň ürke,
Sen neden dowuldan gurunýaň duzak?
Ýalançy dü...
Baýmuhammet Garryýew (1914-1981) barada
Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistan YA-nyň akademigi, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew 1936-njy ýylda Aşgabat döwlet mugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat fakultetine okuwa girýär. Ol A.P. Poseluýewskiniň ýolbaşçylygynda türkm...
Lew Tolstoý Çaganyň güýji (Hekaýa)
- Öldürmeli!..Atmaly!..Bu nejisi häziriñ özünde atmaly!..Öldürmeli!..Ganhoruñ kellesini kesmeli!..Öldürmeli, öldürmeli! - diýip, mähelläniñ içinden erkek kişileriñ we aýal maşgalalaryñ sesleri eşidilýärdi.
Halkyñ uly mähellesi köçe bilen eli dañylgy adamy alyp barýardy. Ol uzyn boýly, gös-göni adamdy, başyny dik ýokary tutup, gujurly gada...
Kerim Gurbannepesow Giderin
Dehlewiniň 700 ýyllygynda Dehlewiçe dörän setirler
Seniň gözleriňden ganyp bilemok
Megerem, bu dertden eräp giderin
Gijeler gözüme uky gelenok,
Göz ýaşym gutaryp gurap giderin
Öwlüýä sen. Daşyňdan pyrlanyp ýörün.
Kowsaň-da, maslygmy süýräp giderin
Ähdi-peýman diýmek – iman diýmekdir,<...
Kerim Gurbannepesow Gepläp bilsem, ahyrky demimde diýmekçi Üç oýnam sözüm
Bir-biriňizden ýagşy bolsaňyz,
Gabrymda-da özge rahat küýsemen.
Haýra hossar, şere garşy bolsaňyz,
Zyýarat şol, görde köýmet küýsemen.
Käte ýanyp gezdim, käte tüsseläp,
Käte üşäp gezdim, käte yssylap.
Kä belentläp uçdum, käte pessaýlap,
Öz uçuşym, özge ganat küýsemen.
Bog...
Annadurdy Molla Şahyr Zyban azalar
Budur alamaty ahyrzamanyň,
Haka sena kylgan zyban azalar.
Günbe-günden sany artar ýamanyň,
Sahabatly ýagşy ynsan azalar.
Nebs ýolun açarlar golunda sübse,
Imanyň ýoluna goýarlar gabsa,
Mollalar ylymyn çalyşar nebse,
Sogaba okalgan Kuran azalar.
Perzent tutmaz ata tutgan ýoluny,...
Horezm adynyň gelip çykyşy barada rowaýat
Ýakut Hamawy «Kitap mugjam-ul-buldan» («ýurtlar sözlügi») diýen kitabynda Horezm barada şeýle maglumatlary beripdir: «Gadym zamanlarda ýaşap geçen patyşalarynyň biri ýurdunyň dört ýüz sany raýatyna gaharlanypdyr. Patyşa olary bu ýerden ýüz parsah uzaklykda bolan dirilik nyşany ýok ýere zyňmaklygy buýrupdyr. Nökerler şeýle ýeriň Käs şäheriniň ornund...
Ürgenç adynyň gelip çykyşy barada rowaýat
Bir ýurduň patyşasynyň pälwanlykda, atarmanlykda, çaparmanlykda, görk-görmekde öňüne erkek göbeklerini geçirmeýän bir ogly bar eken. Onuň adyna Syýahat diýer ekenler. Günlerde bir gün, Syýahat ýigit ýetipdir. Ol dädesiniň köşgüne baryp: – Däde, adym Syýahat bolsa-da, gören-bilen ýurdum ýok. Ýigit çykdym. Rugsat berseň syýahata ugrajak – diýipdir. D...
Gysga Hadyslar
Salam berip, girmedik adamy golaýyňyza goýbermäň.
Öýüňizdäki ody öçürmezden, uka gitmäň.
Adamlardan hiç zady dilenip sorama.
Hatda atyň üstündekäň gamçyň ýere gaçaýsa, özüň düşüp al.
Ýoldaşyň bir agyr ýagdaýa düşüp duran wagty, sen onuň üstünden gülme. Eger gülseň, Allatagalanyň oňa mer...