Ene Kulyýewa ýurtda sowet häkimiýetini berkitmek, aýal-gyzlary azatlyga çykarmak ugrundaky göreşe işeññir gatnaşyjy. Ol 1892-nji ýylda Gyzylarbat obasynda (häzirki Gyzylarbat şäheriniñ çäginde) köp çagaly batrak-çopan maşgalasynda dogulýar. Sowady ýerli mollada az-kem okap alan bilimi bilen çäklenýär. 14 ýaşynda durmuşa çykarylýar. Adamsy Garry Kulyýew (1887-1938; görnükli partiýa we döwlet işgäri) Gyzylarbadyñ wagon remont zawodunyñ işgäri bolup, bolşewikleriñ hatarynda gizlin rewolýusion işlerden habarly eken. Bu işe ýuwaş-ýuwaşdan Ene hem gatyşyp, gizlin toparlaryñ işlerini baglanyşdyrmakda uly kömek berýär. Graždanlyk urşunyñ we daşary ýurt interwensiýasynyñ soñuna çykylmagy bilen, partiýanyñ şäher hem uýezd komitetleriniñ ýanynda aýallar bölümi açylanda, ilkibada esasan rus zenanlary işläpdir. Diñe 1922-23-nji ýyllarda bu işe türkmen aýal-gyzlary çekilip başlanýar. Şolaryñ ilkinjileriniñ biri Ene Kulyýewadyr.
1924-nji ýylda Kulyýewa Kommunistik partiýanyñ hataryna girýär. Tiz wagtdan partiýanyñ Türkmen obkomynyñ çlenligine we aýallar bölüminiñ müdüriniñ orunbasarlygyna saýlanýar. 1925-ýylyñ fewralynda Türkmenistan Kompartiýasynyñ I gurlutaýynda ol TK (6) PMK-nyñ sostawyna we onuñ aýallar bölüminiñ müdiriniñ orunbasary wezipesine, Türkmenistan Sowetleriniñ I gurlutaýynda TSSR MİK-iñ çlenligine saýlanýar. Ene Kulyýewa 1924-nji ýylyñ dekabrynda aýal-gyzlar arasynda iş alyp barýan işgärleriñ respublikan maslahatyna işeññir gatnaşýar. 1925-nji ýylyñ martynda respublikadaky daýhan aýal-gyzlaryñ ilkinji gurlutaýyny geçirýär. Şonuñ yzy süre Moskwa gidip, Gündogar aýallarynyñ Bütinrussiýa maslahatyna gatnaşýar. Moskwadan soñ Kulyýewa Pariže – halkara sergä gatnaşmaly eken. Ýöne ol plan durmuşa geçmeýär. Ol Moskwada keselleýär we 1925-nji ýylyñ 7-nji iyulynda aradan çykýar.
Ene Kulyýewa Aşgabadyñ Karl Marks meýdançasynda jaýlanandyr.

Alynan çeşme: Türkmen Hanlary. Dekabr 2002 ýyl.

Taýýarlan: Gurban Geldiýew.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir