Irki döwür arap poeziýasyndan nusgalar

Ykbalym dürli-dürli synaglardan geçirdi,
Synagdan geçdim welin, ýyllar ara açardy.
Döwür meni üýtgetdi, oýnady ýumak kimin,
Özi hiç üytgemedi, aldady tapsa çemin.
Döwür tanaplary bile berk dañdy meni,
Loly oýunlaryn etdi, bilmedi çeni.

Ahmet ibn Isa Ulawy.

* * *

Ýaşlygymdan ýaşaýşa umyt-arzuw bekledim,
Ýaşlyk salgym kimin gitdi, durmuşy kötekledim.

Ibn Arus Kätip.

* * *

Ýaş ýigidiñ gowusy ýaş toba eder,
Iñ ýagşysy etse günäden heder.

Leýla Ahylyýa

* * *

Ol aýal hapalandy, zynany etdi ol bes,
Arasslandy, ýene zynany etdi höwes.

Zeýt ibn Umeýr Hyzaýy.

* * *

Tejribeli ömrümde her kesi gördüm men,
Sabyrdan zyýada häsiýet bardygyn bilmen.

Hajatyña ýaran edin sabyry,
Sabyrly bendeleñ ýeñiş ahyry.

Abu Haýýa Numaýri.

* * *

Derdim bejermäge tebip arandan,
Saña ýüz tutýaryn, beýik, Ýaradan!

Başyma düşen işde ber maña sabyr-takat,
Dogry ýola gönükdir, guý ýüregime kanagat.

Abdylla ibn Rabyg ibn Hasym Sury.

* * *

Kalbymdaky häsiýetleñ sabyr-takat seresi,
Şol bolmasa dereksizdir häsiýetleñ ählisi.

Abu Hüseýin ibn Abdylla ibn Süleýman ibn Wahhap.

* * *

Takwalyk etmeklik bendä däldir nogsanlyk,
Dokmaça, hajjama mahsus bolsun pespällik.

Abu Atahyýa.

* * *

Her ýerde eşdiler ahy-nala owazy,
Sowuldy seniñ ogluñ bahary-ýazy.

Her kesde ölüm bardyr başar etmegi sabyr,
Ölen gaýdyp gelmez hiç, soñky öý bolar gabyr.

Farazdak.

* * *

Dogry sözlülik görk-görmegi syddygyñ,
Ynanarlar sözüñe dosty-duşmanyñ.

Rebbine ýakyndyr dogry sözlüler,
Dogry sözli görseñ şähdiñ açylar.

Mahmyt ibn Hasan Warrak.

* * *

Gaharlanmañ dileg edýäni görüp,
Abraý gazan elde baryny berip.

Mätäç bolunsañ sen mertebelisiñ,
Kyýamatda jezasyny bilersiñ.

Seniñ şu wagt edýän haýyr-sogabyñ,
Bolar seniñ halasgäriñ, hossaryñ.

Ibn Duraýr.

* * *

Eý, adam kişiden dilemegin zat,
Sözüñi diñlemän ederler perýat.

Ýeterlikdir Allañ beren yhsany,
Şol baýadar garyp-gasar ynsany.

Husytdan sorasañ, çäge-de bermez,
Eden işi üçin hiç utanç duýmaz.

Ibn Araby Muhammet ibn Zyýat.

* * *

Dostum bilen ulaldyk el-ele berip,
Başyma iş düşende, bardym ýalbaryp.

Hajatymy aýdyp, elim uzatdym,
Elim ýolbars tarap uzandyr öýtdüm.

Abu Şys Muhammet ibn Aly.

* * *

Dileg edýän adam misli kör ýaly,
Mal eýesi durna gözli mysaly.

Görse dilegini baýa adam onuñ,
Köre salgy berer ýitiren ýolun.

Idris ibn Abdylla Lahmy Dureýr.

* * *

Bende bendä etse sowukganlyk,
Ûstün cykar adamzatdan gysgançlyk.

Gysgançlyk utanar gysganç adamdan,
Sora hajatyñ her ýagşyzdadadn.

Ahmet ibn Ýusup Anbary.

* * *

Eger Alla saña hajat ýollasa,
Ýetersiñ hajata Alla oñlasa.

Hajatyñy gözleme ynsan pazylatyndan,
Gözlegin hajatyñy Allañ rehmetinden.

Silli ibn Omar Hasyr.

* * *
Myhman atdan düşmänkä, etmelidir hyzmaty,
Myhmana sarpa goýmak musulmanyñ adaty.

Anbasa ibn Wehb.

* * *

Allatagala tûýs ýürekden tagat et,
Hökümdara boýun bolmak edähet.

Abu Atahyýa.

* * *

Kimdir birine bermek isleseñ jeza,
Igenmeklik oña ýetirer yza.

Ahmet ibn Abu Fanan.

* * *

Igenmegin ynsana, söýgä borsuñ mynasyp,
Söýgini gahar bilen bilmersiñ hiç gazanyp.

Mansur Nemri.

* * *

Musulmanyñ edýän işleri ajap,
Guly azat etseñ görmersiñ azap.

Wahşy Ryýah Medeni.

* * *
Kalby päk adamyñ köpdür dosty-ýarany,
Dostlaryñ içinde bardyr halal-haramy.

Kyn bolýandyr tanamak gizlin duşmany,
Duşman bolup ýaşanyñ ömri bimany.

Zuýeýb ibn Habyp Hyzaýy.

* * *

Adamlar durmuşda haýwandyr misli,
Kim ýolbars, kim tilki, kim şagal tüýsli.

Jahyz.

* * *

Bu dünýäniñ iñ bir geñ-täsin ýeri -
Bahylyñ nalyşy diñleder keri.

Mutannabi.

* * *

Bahyyk etseler şatlandym, güldüm,
Bu dünýäde ornum bardygyn bildim.

Ibn Hajjaj.

* * *

Haýal-ýagallyk bilen durmuş gursa ýaltalyk,
Dokuz aýdan olardan dünýä iner garyplyk.

Abu Mugafy.

* * *

Ynsan ýüregini baýlyk söýgûsi gaplasa,
Ol ýürekde Hudaýa gorky galarmy, eýse.

Mahmyt Warrak.

* * *

Aýşy-eşret meni erbetlige çagyrdy,
Emma utanç-haýam meni ýazgardy.

Haramdyr şer işe uzatsam elim,
Şolbada kesilsin iñ soñky demim.

Muberret.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir