Bu gün seniň durmuş toýyň
Rowan bolýaň durmuş ýola
Giň töre düşsin aýagyň
Bagtyňyz meňzesin güle.

Ýaryň gelýär eli gülli
Bolsun mydam şirin dilli
Baran öýüň agzalarna
Bolgun mydam güler ýüzli.

Öýe ätläp sag aýakdan
Ojagyňa bolgun söýe
Gaýynlarňa bolup höwür
Mähiriňi siňdir öýe.

Gaýyn enäň gaýyn ataň
Hyzmatynda durgun gaýym
Ysnyşykda ömür sürseň
Durmuş gowy bolar daýym.

Ýan ýoldaşyň göwnün alyp
Kyn gününde goltgy bergin
Agzybirje ömür sürüp
Ýagşylyga uýup ýörgin.

Ýetmezini ýetirjek bol
Yhlas bilen ýetişjek bol
Bu durmuşyň agyr ýükün
Iki bolup çekişjek bol.

Gurban Geldiýew.

30. 03. 2018

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir