Mollaoraz Hojamämmedow – Horezmde halk rewolýusiýasyna (1919-njy ýylyñ noýabry – 1920-nji ýylyñ ýanwary) işeññir gatnaşyjy. Rewolýusia netijesinde Hywada Jüneýit hanyñ häkimiýeti ýok edilýär. M.Hojamämmedow Horezm Halk Sowet Respublikasynyñ hökümetine çlenlige saýlanýar. 1920-nji ýylyñ 13-nji sentýabrynda RFSFR bilen HHSR-iñ arasynda soýuzdaşlyk şertnamasyna gol çekilýär. Horezm hökümetiniñ halk delegasiýasynyñ arasynda Mollaoraz Hojamämmedow hem bar eken. Moskwa baranda, ol Komiterniñ II kongresine-de gatnaşýar. Şertnama balanşylandan soñ, Mollaoraz daga W. İ. Lenin bilen duşuşmak miýesser edýär. Bir sagat çemesi gürrüñden soñ M. Hojamämmedow Lenine daýhanlaryñ sowgadyny – milli halat bilen ýüpek guşagy gowşurýar. Öz gezeginde Leninem oña gyzyl jübi sagadyny sowgat berýär. (Ol sagat häzir hem işleýän bolmaly). Lenin bilen ýaşytdaş M. Hojamämmedow şol wagt 50 ýaşynyñ içinde eken. Ol 1960-njy ýylda aradan çykýar.

Alynan çeşme: Türkmen Hanlary. Dekabr 2002 ýyl.

Taýýarlan: Gurban Geldiýew.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir