(1962-2016)

Durabilbez seni gören adamzat,
Akyl-huşum haýran eden Aýna gyz.
Toý güni synladym seni, perizat,
Ýüregimi weýran eden Aýna gyz.

Boýdaşlaryň bilen dursuň jem bolup,
Arasynda saýlanýarsyň Aý bolup,
Ak ýüzüňde gara gaşyň ýaý bolup,
Akyl-huşum haýran eden Aýna gyz.

Dogry baksaň, gözleň janymy alar,
Sadap dişleň meni haýrana goýar,
Sözleşmeseň, janda armanym galar,
Ýüregimi haýran eden Aýna gyz.

Dini Şiri diýerler meniň adyma
Gijelerne sen düşýärsiň ýadyma
Kim ýetişer bu gün meniň dadyma
Ýüregimde arman goýan Aýna gyz.

Aýna gyz, Aýna gyz, päk söýgim, Aýna gyz,
Seni söýdüm, men köýdüm, dolan bäri,
Aýna gyz.
Päk söýgim Aýna gyz, Intizarym Aýna gyz.

Bellik:Aýna gyz we Bäherdeniň lälesi aýdymy aýdyp Gurbanmyrat Dagbaşyýew ýaňlan diýarymda ýeňiji bolýar. Ikisiniň-de goşgusynyň ýazary Şiri Durdyýew.

Şol Aýna gyz aýdymam 4 bent bolmaly

Dini Şiri diýerler meniň adyma
Gijelerne sen düşýärsiň ýadyma
Kim ýetişer bu gün meniň dadyma
Ýüregimde arman goýan Aýna gyz.

Aýna gyz aýdym söýgülsine bagyşlanan şol aýna diýilýän gyz hem henizem aýatda gezip ýör oña hemmeler belet. Biri elinden mikrafony alyp bagyşla halypa ýöne sen şu ýerde dursañ men häzir öýünde ýarowsuz ýatyr şol şahyr aga men şony alyp geljek şonda düşünşip bilerismi diýende şo bada yzyna Myratmuhammet Myradow öwrülip gaýdýar.
Dädem pahyr şonnada şo danalygyda il gowy bilýändir diýip iki sözde ýylgyraýardy.
Ol M. Myradow aýtya bir gezek arkasy akardionly G. Dagbaşyýew geçip barýarka saklap şu goşgymy berdim diýýä emma G. Dagbaşyýew ömrüni biziñ obamyzda Mûrçede ýaşap geçen adam elmydama dädem pahyryň ýany bilen alyp gider eken toýlarada źiwoy goşgylary şo ýerde aýdyma öwrüp aýdar ekenler öýden çykman gatnaşan ol dädem pahyr bilen.

Bir gezek G. Dagbaşyýewe söz berilende obada toýda Meni şu derejä ýetiren Şiri Durdyýewdir (Dini Şiri) diýip öz dili bilen aýdan.

Şiri Durdyýewiň ogly Hojamämmet Durdyýewiň aýdan gürrüňlerinden alyndy.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir