Buratinonyñ kimdigin-â biziñ âhlimiz bilýâris. Dogry, Buratino--meşhur rus ýazyjysu Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýyñ "Altyn açarjyk ýa-da Buratinonyñ başdan geçirmeleri" atly kitabynyñ baş gahrymany. Ertekide beýan edilşine görâ, Buratinony ýalñyz ýaşaýan Karlo atly ussa ýönekeýje agaç böleginden ýasaýar. Bu agaç bölejigini bolsa oña ertekiniñ beýleki bir gahrymany Juzeppe berýâr. Aslynda, ýazyjy A. N. Tolstoý heniz çagaka igalýan ýazyjysy Karlo Kollodiniñ "Pinokionyñ başdan geçirmeleri" atly eserini söýüp okaýan ekeni. Ol ýazyjy bolup ýetişensoñ, italýan çagalarynyñ söýgüli gahrymany bolan Pinokionyñ gyzykly başdan geçirmelerini öñkiden-de içgin öwrenip, Buratino atly tâze bir gahrymany döredýâr. Eserlerinde-de italýan ýazyjysy Karlo Kollodiniñ ýazan eserindâki wakalardan bütinleý başgaça beýan edipdir. Wakalarda hereket edýân gahrymanlaryñ hem her biri aýratyn ýatda galyjy hâsiýete eýe bolýar.
Olardan mâhirlije Malwinanyñ, Pýeronyñ, wepadar Artemonyñ, gurjaklary ynjydyp ýören Karabas Barabasyñ keşpleriniñ tâsin açylyp görkezilşini hem ýatlaman geçmek bolmaz. Eserde ýaramaz hâsiýetler bolan mekirligiñ, hilegârligiñ simwoly hökmünde Bazilio atly pişik bilen Alisa atly tilki çykyş edýâr. Olar Buratino nâçe ýamanlyk etjek bolsalar-da, pirimleri başa barmaýar. Ahyrsoñunda onuñ dostlarynyñ agzybirlik bilen kömek bermegi netijesinde, dostlyk ýeñip, üstün çykýar. Buratino Tâsinlikker meýdançasynda-da bolýar, dostlary biken Tâsinlikler ýurduna baryp, altyn açarjygy bilen onuñ jadyly derwezesini hem açýar.
Görşümiz ýaly, Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýyñ "Altyn açarjyk ýa-da Buratinonyñ başdan geçirmeri" atly eseri özboluşly wakadan doly. Bu eser esasynda surata düşürilen çeper filme ýa-da multifilime tomaşa etmedik ýok bolsa gerek.

Çesme: Dünýämiz.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir