Berdinazar (XIX asyr türkmen şahyry)

Eý kamatyň «elipdir», ýüzüň gülden, gözelim,
«Bi» beladan saklasyn, ýüz‐müň dilden, gözelim,
«Tiden» waspyň aýtmyşam, sözüň baldan gözelim,
«Siden» sorag salmyşam, gözläp ilden, gözelim.

«Jim» jemalyň perisi aldy akyl‐huşumy,
«Hi» hylwat eýlesem, pynhan etsem işimi,
«Hy» diýip okasam, «dala» tutsam başymy,
«Zal» garyba ýetende, aldy rakyp daşymy,
Şonda boldum biarman, guçsam bilden, gözelim.

«Ri» dabaraň düşüpdir, älem‐jahan çaw edip,
«Zi» zülpleriň goýberseň, ak ýüzüňden tow edip,
«Sinden» «şine» ezerler aşyklaryn suw edip,
«Sat» salamat saklasyn ýüz‐müň bela dep edip,
Egin parçaň guralmaş şemle şaldan, gözelim.

«Zat» bilen köýdürip aldyň meniň kararym,
«Taý» tebibim tapdyrmaz alagözli maralym,
«Zaý» sypanyp çykaňda aldyň sabry‐kararym,
«Aýn» aban ýat eýläp, säherler intizaryň,
Elwan‐elwan bezenip, ýüz‐müň hilden, gözelim.

«Gaýn» bilen galkynyp, arzuw bilen barar men,
«Fi» penaga duwlanyp, gül ýüzüňi görer men,
«Kap» elamyň perisi ýüz‐müň tümen berer men,
«Käp» kelama ýetende çeşme girýan kylar men,
Kişdi gurap al meni daşgyn silden, gözelim.

Berdinazar «lam» okar, baryp «mime» ýetende,
Oýarmagym müşgüldir «nun» uklaýyp ýatanda,
«Waw» melamat eýlese, «hemze», «säkin» bitende,
Başdan aýak «lam-elip», «iýa»-herim tutanda,
Sallanyşyň başgadyr ýüz‐müň hubdan, gözelim.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir